ulanmak boýunça instruksiýa - panasonic · 2011. 5. 11. · giriş ulanmak boýunça...

62
Ulanmak boýunça instruksiýa (Esasy funksiýalar) Elektron tagta (elite Panaboard) Model UB-T781 UB-T781W UB-T761 Söýget aýratyn satylýar. UB-T781 Gurnaw gollanmasy bilelikde berilýär (tehniki hyzmat boýunça ökde hünärli hünärmenler üçin) Bu enjamy gurnamak üçin gurnaw gollanmasyna serediň – sah. 36–59. Bu enjamy ulanmankaňyz, şu instruksiýany dolulygyna okap çykyň we ony soňundan salgylanar ýaly ýygnap saklaň. Bu gurluşyň konstruksiýasyny ökde hünärli tehnik gurmalydyr. Ygtyýarsyz adamlar guran ýagdaýynda enjamy howpsuz ulanmak bilen baglanyşykly näsazlyklara sebäp bolup biler. Panasonic maglumat merkezi: Moskwadan jaň etmek üçin: +7 (495) 725-05-65. Russiýa boýunça tölegsiz jaňlar: 8-800-200-21-00.

Upload: others

Post on 09-Dec-2020

0 views

Category:

Documents


0 download

TRANSCRIPT

Page 1: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Ulanmak boýunça instruksiýa(Esasy funksiýalar)

Elektron tagta(elite Panaboard)

Model № UB-T781UB-T781WUB-T761

Söýget aýratyn satylýar.

UB-T781

Gurnaw gollanmasy bilelikde berilýär (tehniki hyzmat boýunça ökde hünärli hünärmenler üçin)• Bu enjamy gurnamak üçin gurnaw gollanmasyna serediň – sah. 36–59.• Bu enjamy ulanmankaňyz, şu instruksiýany dolulygyna okap çykyň we ony soňundan salgylanar ýaly ýygnap

saklaň.• Bu gurluşyň konstruksiýasyny ökde hünärli tehnik gurmalydyr.

Ygtyýarsyz adamlar guran ýagdaýynda enjamy howpsuz ulanmak bilen baglanyşykly näsazlyklara sebäp bolup biler.

Panasonic maglumat merkezi:• Moskwadan jaň etmek üçin: +7 (495) 725-05-65. Russiýa boýunça tölegsiz jaňlar: 8-800-200-21-00.

Page 2: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Giriş

2 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Giriş

GirişPanasonic elektron tagtasynyň satyn alandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris!Iň amatly işleýşi we howpsuzlygy üpjün etmek üçin şu instruksiýany dolulygyna okap çykyň.

Funksiýalaryň düşündirişielite Panaboard tagtasyny kompýutere birikdirmek we şekili proýektor arkaly kompýuteriň ekranyndan elite Panaboard tagtasyna proýesirlemek arkaly, aşakdaky işleri ýerine ýetirip bolýar.

Elektron ruçkanyň funksiýalary• Elektron ruçkany syçanjyk hökmünde ulanyp, kompýuteriň ekranyndaky obýektleri dolandyryň.• Elektron ruçkanyň kömegi bilen kompýuteriň ekranynda çyzyklary çekiň we bozuň.• Kompýuteriň ekranynda elektron ruçkanyň kömegi bilen döredilen şekili ýazdyryň.

elite Panaboard bookelite Panaboard tagtasynda kompýuterdäki tekst girizmek, çyzmak, şekil salmak ýaly funksiýalary goldaýan elite Panaboard book programmasyny ulanyň. Bu programma kompýuter ekranyndaky şekilleri ýazdyrmaga we olary soňra ulanmak üçin çykarmaga mümkinçilik berýär.

Gurlan USB gürleýjisielite Panaboard tagtasy gurlan USB gürleýjisi bilen üpjün edilendir. Tagta kompýutere birikdirilende, USB gürleýjisinden ses berilýär.

USB konsentratorynyň funksiýalaryelite Panaboard tagtasy standart ýagdaýda 2-portly USB konsentratory bilen bilelikde üpjün edilýär. Skanerleri, printerleri ýa-da daşarky USB ýat göterijisini birikdirip, olaryň funksiýalaryny elite Panaboard tagtasynda gönüden-göni ulanyp bolýar. Mundan başga-da, daşarky gurluşlary elektron ruçkanyň kömegi bilen aňsat birikdirip bolýar.

Gurmak gerek däl komplekt (goşmaça gurluş)Bu enjamy elite Panaboard tagtasyna dakyp, togy açsaňyz, elite Panaboard software-i işjeňleşdirip bilersiňiz. elite Panaboard software-i kompýuteriňize gurmak zerurlygy ýok.

Ulanyş ssenariýleriOkuw üçin

• Dürli-dürli okuw programma üpjünçiligini elite Panaboard tagtasyna proýesirläp, netijeli okuw şertini dörediň we elektron ruçkanyň kömegi bilen programma üpjünçiligini dolandyryň, ekranda surat çekiň we çyzyk çekiň.

• Düşündiriş (meselem surat çekiş we markirleýiş gurallary bilen) goşmak üçin birnäçe guraly ulanmak arkaly, dinamiki üýtgeýän ekran şekilleriniň üsti bilen talyplaryň ünsüni goldap bolýar.

• Ekrany perdeläp, talyplara soraglary görkezmek, jogaplary bolsa gizlemek arkaly, soňra bolsa jogaplary ekranda yzly-yzyna görkezmek bilen talyplary sapaga gatnaşmaga çekiň.

• Mugallym elite Panaboard tagtasynda görkezer ýaly materiallary sapakdan öň taýýarlap bilýär.

Page 3: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Giriş

3Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Biznes üçin• Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny wizual görkeziň, şeýle hem şekilleri görüp bolýan we elektron

ruçka bilen esasy pursatlary tapawutlandyryp bolýan täsirli prezentasiýalary dörediň.• Konferens-aragatnaşyk telewizion enjamynyň kömegi bilen öz kompaniýaňyzdaky uzakdan

kompýuterden alyp, elite Panaboard tagtasynda hakyky wagtda şekilleri (şol sanda elektron ruçka bilen ýazylanlary) görkeziň.

Nämä üns bermeli

Ulanmak boýunça instruksiýa baradaelite Panaboard tagtasy bilen bilelikde Ulanmak boýunça 2 sany aýratyn instruksiýa üpjün edilýär.

Mundan soňra salgylanmak üçin

Satyn alnan senesi

Seriýa belgisi

Diler kompaniýanyň ady

Diler kompaniýanyň salgysy

Diler kompaniýanyň telefon belgisi

Esasy funksiýalar (şu dokument)elite Panaboard tagtasyny birikdirmek we ulanmak boýunça instruksiýa, şeýle hem gurmaklygyň konstruksiýasy boýunça instruksiýa.

Programma üpjünçiligi (elektron dokumentasiýa)

Üpjün edilýän elite Panaboard software we elite Panaboard book ulanmak boýunça instruksiýa. “Ulanmak boýunça instruksiýa (programma üpjünçiligi)” gollanmasy üpjün edilýän kompakt-diskde ýerleşýär. “Ulanmak boýunça instruksiýa (programma üpjünçiligi)” gollanmasyny elite Panaboard Software-i guranyňyzdan soňra görüp bilersiňiz. Gollanmany jikme-jik görmek üçin ser. “Elektron dokumentasiýany görmek” bölümi (sah. 29).

Haryt çegi üçin ýer

Page 4: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Giriş

4 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

GysgaltmalarWindows® belgisi Microsoft® Windows® operasion ulgamyny aňladýar.Windows® 2000 belgisi Microsoft® Windows® 2000 operasion ulgamyny aňladýar.Windows® XP belgisi Microsoft® Windows® XP operasion ulgamyny aňladýar.Windows Vista® belgisi Microsoft® Windows Vista® operasion ulgamyny aňladýar.Windows® 7 belgisi Microsoft® Windows® 7 operasion ulgamyny aňladýar.DirectX® belgisi Microsoft® DirectX® programmalaýyn ulanyjy interfeýsini aňladýar.

Söwda belgileri• Microsoft, Windows, Windows Vista, DirectX we Windows Media belgileri ABŞ-da we/ýa-da beýleki ýurtlarda

Microsoft Corporation korporasiýasynyň hasaba alnan söwda belgileri ýa-da söwda belgileri bolup durýar.• IBM we AT belgileri ABŞ-da we beýleki ýurtlarda ýa-da ikisinde hem International Business Machines

Corporation korporasiýasynyň söwda belgileri bolup durýar.• Intel we Pentium belgileri ABŞ-da we/ýa-da beýleki ýurtlarda korporasiýasynyň hasaba alnan söwda

belgileri ýa-da söwda belgileri bolup durýar.• Adobe, Reader we Flash belgileri ABŞ-da we/ýa-da beýleki ýurtlarda Adobe Systems Incorporated

kompaniýasynyň hasaba alnan söwda belgileri ýa-da söwda belgileri bolup durýar.• Şu gollanmada berlen başga söwda belgileri olaryň degişli eýelerine degişlidir.

Federal aragatnaşyk komissiýasynyň talaplaryDiňe ABŞ üçin

BellikBu enjam Federal aragatnaşyk komissiýasynyň Kadalarynyň 15-nji bölüminiň “A klas” sanly gurluşlar üçin degişli çäklendirmeleri tarapyndan barlanyldy we ykrar edildi. Bu çäklendirmeler ofis binalarynda enjamlar ulanylanda päsgelçiliklerden göwnejaý goranmaklygy bellemäge niýetlenilendir. Bu enjam şu gollanmanyň instruksiýalaryna laýyklykda gurulmadyk we ulanylmadyk ýagdaýynda radio aragatnaşygyna päsgel berip biljek radiotolkunlary döredip, ulanyp we ýaýradyp biler. Bu enjamy ýaşaýyş ýerlerinde ulanmaklyk päsgelçilik döredip biler we şeýle bolanda ulanyjy döredilýän päsgelçiligi özbaşdak düzetmelidir.

Federal aragatnaşyk komissiýasynyň duýduryşlaryFederal aragatnaşyk komissiýasynyň standartlaryna laýyklykda uzak wagtlap ulanmaklygy üpjün etmek üçin hökman diňe bile berilýän set şnuruny ulanmaly. Bu enjamyň islendik ýagdaýda birugsat üýtgedilmegi ýa-da modifisirlenmegi ulanyjyny bu gurluşy ulanmaga bolan hukukdan mahrum edýär.

Page 5: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Giriş

5Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Maglumatlary ýazdyrmak hakynda duýduryş

Ulgam talaplary

Bellik• Ulgam talaplary baradaky goşmaça maglumat ulanmak boýunça instruksiýada berilýär (programma

üpjünçiligi üçin).

Jogapkärçilikden ýüz öwürmek Panasonic System Networks Co., Ltd. kompaniýasy aşakdaky we beýleki ýagdaýlaryň sebäp bolan betbagtçylykly hadysalar ýa-da şikesler üçin jogapkärçilik çekmeýär:1. Gurluşyň modifikasiýasy ýa-da enjamy nädogry gurmak.2. Gurluşy gönüden-göni maksadyndan başga maksatlar bilen ulanmak.3. Ýer yranmasy, ýangyn, suw joşguny, daşgyn tolkuny, tupan, ýyldyrym ýa-da başga tebigat hadysalary.4. Binanyň tebigy könelmegi ýa-da şoňa meňzeş hadysalar.

GFR-li ulanyjylar üçin (diňe Germaniýa üçin)

Eger ulgamlaýyn ýatlaýjy gurluş ýa-da goşmaça ýatlaýjy gurluşlaryň islendigi dolandyryş ýalňyşlyklarynyň, statik elektrik togunyň, elektriki päsgelçilikleriň, wibrasiýanyň, tozanyň ýaramaz täsirine sezewar bolsa ýa-da eger näsazlyk, abatlaýyş ýa-da seresapsyzlyk sebäpli elektrik togy öçse, ýatlarda saklanylýan maglumatlaryň ýitmegi ýa-da üýtgemegi mümkin. Ulgam bilen işläp başlamankaňyz ulanmak boýunça instruksiýalardaky duýduryşy we salgylanyş maglumatlaryny okap çykyň we enjamy ulanýarkaňyz şolara eýeriň.Aşakdaky duýduryşlary üns bilen gözden geçirmek gerek:

• Ähli wajyp maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgalarynyň döredilendigine ýa-da asyl nusgalarynyň ýazdyrylandygyna doly göz ýetiriň.

Şunlukda öndüriji disketlerde, gaty disklerd, optiki disklerde ýa-da beýleki ýat gurluşlarynda saklanylýan islendik maglumatyň islendik görnüşde ýitmegi ýa-da üýtgemegi sebäpli jogapkärçilik çekmeýändigini mälim edýär.

Kompýuter IBM® PC/AT® ýa-da kompakt-diskleri okaýjy enjam bilen utgaşykly

Prosessor Intel® Pentium® 4 prosessory ýa-da has giçkisi

Interfeýs USB 2.0

BellikEnjamyň güwwüldisiniň derejesi baradaky görkezme – 3.GPSGV, ses basyşynyň maksimum derejesi 70 dB (A) ýa-da has pes bolmaly (EN ISO 7779 boýunça).

Bu gurluş wizual görkeziş enjamlarynyň ýerleşýän iş zolagyndaky görüş meýdançasynda gönüden-göni ulanmak üçin niýetlenilen däldir. Gurluşlaryň işleýän ýerlerine gereksiz wizual görkeziş düşmez ýaly, bu gurluşy görüş meýdançasyna gönüden-göni ýerleşdirmeli däl.

Page 6: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Mazmuny

6 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Mazmuny

MazmunyHowpsuzlygyňyz üçin ............................................................................. 7

Howpsuzlygyňyz üçin .......................................................................................................7Ulanyjylar üçin ..................................................................................................................7Howpsuzlyk boýunça maglumat (diňe Beýik Britaniýa üçin) .....................................10Ätiýaçlyk çäreleri ............................................................................................................ 11Duýduryş etiketkasy .......................................................................................................12

Ulanmaklyk ............................................................................................. 13Bilelikde berilýän esbaplar .............................................................................................13Bölekleriň ady we ulanylyşy ..........................................................................................14Daşarky gurluşlary birikdirmek .....................................................................................17elite Panaboard software gurmak .................................................................................21Proýektory gurmak .........................................................................................................22Ulgamy sazlamak (kalibrleme) .......................................................................................24elite Panaboard software-i işletmek we kalibrlemäni ýerine ýetirmek .......................24elite Panaboard software-i aýyrmak ..............................................................................26Elektron dokumentasiýany görmek ..............................................................................26Programmanyň iň täze wersiýasyny göçürip almak ....................................................26

Priloženiýe .............................................................................................. 27Gündelik serediş .............................................................................................................27

Tagtany arassalamak elite Panaboard ...........................................................................27Elektron ruçkanyň batareýasyny çalyşmak ....................................................................27Elektron ruçkanyň ujuny çalyşmak .................................................................................28

Näsazlyklary düzetmek ...................................................................................................29Tehniki häsiýetnama .......................................................................................................31

Sarp ediş materiallary we goşmaça esbaplar ................................................................35Gurnaw gollanmasy ............................................................................... 36

Gurnaw gollanmasy (tehniki hyzmat boýunça ökde hünarli hünärmen üçin) ..........36Howpsuzlygyňyz üçin .....................................................................................................36

Bellik ...............................................................................................................................36Bilelikde berilýän esbaplar .............................................................................................38Diwara gurmak ................................................................................................................40

Diwary barlamak ............................................................................................................40Diwara berkidiş plastinalaryny oturtmak .........................................................................41Diwaryň görnüşleri we gurmagyň proseduralary ............................................................43

Söýgetleri gurnama (aýratyn satylýar) ..........................................................................45Üpjün edilýän bölekler ....................................................................................................45Gurnamak boýunça instruksiýalar ..................................................................................46

Gurnamak boýunça instruksiýalar ................................................................................49elite Panaboard tagtasyny gabyndan çykarmaga taýýarlyk ...........................................49Tagtany gurnamak elite Panaboard ...............................................................................50

elite Panaboard tagtasynyň işleýşini barlamak ...........................................................56Interaktiw mümkinçilikleri barlamak ................................................................................56

Täzeden gaplamak ..........................................................................................................57Komplektiň gurmak gerek däl berkidişi (aýratyn satylýar) .........................................58

Komplektiň gurmak gerek däl berkidişi ..........................................................................58

Page 7: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

7Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Howpsuzlygyňyz üçin

4

Howpsuzlygyňyz üçin

Howpsuzlygyňyz üçinAgyr şikeslerden we ölümlerden gaça durmak şeýle hem, dogry we howpsuz ulanmaklygy üpjün etmek üçin, gurluşy ulanyp başlamankaňyz şu bölümi üns bilen okap çykyň.

• Bu bölümde gollanmada ulanylýan grafiki simwollaryň düşündirişi berilýär.

Ulanyjylar üçin

Elektrik togy we zazemleniýe

Agyr şikese ýa-da ölüme eltip biljek potensial howpy aňladýar.

Ujypsyz şikese ýa-da enjama zeper ýetmegine eltip biljek howpy aňladýar.

Bu bellikler görkezilen amaly ýerine ýetirmeli däldigi barada operatora duýduryş bermek üçin ulanylýar.

Bu bellikler enjamy howpsuz ulanmagy üpjün etmek üçin görkezilen amala hökmany suratda aýratyn üns berilmelidigi barada operatora duýduryş bermek üçin ulanylýar.

DUÝDURYŞ

ÄGÄ BOLUŇ

Bu enjam üçin tok çeşmesiniň naprýaženiýesi öndürijiniň tablisajygynda görkezilýär. Gurluşyň wilkasyny diňe degişli naprýaženiýedäki üýtgeýän toguň rozetkasyna dakyň. Nominal tok boýunça talaplary görkezilmedik set şnuruny ulanmaklyk tüsse çykmagyna ýa-da gurluşyň we wilkanyň gyzmagyna getirip biler.

Apparat ulanylýan wagty set rozetkasy gurluşyň golaýynda we aňsat elýeterde bolmaly.

Howpsuz işlemegi üpjün etmek üçin, gurluşyň ýany bilen berilýän set şnuruny standart sim bilen ygtybarly zazemleniýe edilen üç ştekerli wilka bilen üýtgeýän toguň standart rozetkasyna dakmaly.

Enjamyň kanagatlanarly işleýändigi rozetkanyň zazemleniýe edilendigini we gurluşyň doly howpsuzdygyny aňlatmaýar. Elektrik rozetkasynyň netijesiz zazemleniýe edilendigi baradaky islendik şübheli ýagdaýda siziň howpsuzlygyňyzy üpjün etmek maksady bilen, ökde hünärli elektrotehnige ýüz tutuň.

DUÝDURYŞ

Page 8: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Howpsuzlygyňyz üçin

8 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Gurmak we göçürmek

Ulanylýan wagty ätiýaçlyk çäreleri

Eger wilkany üýtgeýän toguň set rozetkasyna dakyp bolmasa, set rozetkasyny dogry zazemleniýe edilen rozetka bilen çalyşmagy üçin ökde hünärli elektrotehnige ýüz tutuň.

Zazemleniýeli wilkanyň iş ýörelgesini bozmaň (meselem, perehodnik wilka ulanmaň).

Set şnurunyň wilkasyny üýtgeýän toguň rozetkasyna jebis dakyň. Bu talaby berjaý etmezlik ot almagyna ya-da elektrik togunyň urmagyna getirip biler.

Set şnuruny dartmaň we egreltmäň, üstünde haýsydyr bir predmet goýmaň we onuň sürtelmegine ýol bermäň. Set şnuruna ýa-da wilka zeper ýetmegi ot almagyna ýa-da elektrik togunyň urmagyna getirip biler.

Set şnuruny ýa-da wilkany özbaşdak bejermäge synanyşmaň. Eger set şnuruna ýa-da wilka zeper ýeten bolsa ýa-da olar könelen bolsa, olary çalyşmagy üçin abatlaýyş serwisiniň ygtyýarly wekiline ýüz tutuň.

Wilkanyň kontaktlarynyň hapalanmazlygyna esewan boluň. Ýokary çyglylyk şertlerinde hapa kontaktlar naprýaženiýäniň ep-esli ýokarlanyp, ýylylyk bölüp çykarmagyna, eger rozetka uzak wagtlap gözegçilik edilmedik ýagdaýynda bolsa, onuň ot almagyna sebäp bolup bilýär.

Hiç hili ýagdaýda wilkany öl el bilen ellemäň. Elektrik togunyň urmak howpy bar.

Eger gurluş tüsseläp başlasa, çakdanaşa gyzsa, şeýle hem goşmaça ys ýa-da güwwüldi eşidilse, haýal etmän ony ulanmaklygy togtadyň. Şeýle ýagdaýlarda ot almagy ýa-da elektrik togunyň urmagy mümkin. Gurluşy haýal etmän öçüriň we set şnuruny aýryň, soňra bolsa tehniki gözegçilik geçirmegi üçin dilere ýüz tutuň.

Gurluşy aýranyňyzda, şnurdan däl-de, wilkadan tutuň. Eger şnury bat bilen çekseňiz, bu oňa zeper ýetmegine, ot almagyna ýa-da elektrik togunyň urmagyna eltip biler.

Ýyldyrymly tupan turýan wagty gurluşa we wilka degmäň. Bu elektrik togunyň urmagyna getirip biler.

Bu gurluşy gurmak, göçürmek we utilizirlemek işlerini diňe tehniki hyzmat boýunça ökde hünärli hünärmenler ýerine ýetirmelidir.

Eger gurluş mundan beýläk ulanylmajak bolsa, ýykylmazlygy üçin ony gurulgy goýmaň – aýryň. Gurluş ýykylanda şikes ýetmegi mümkin.

Gurluşyň içine metal bölekler gaçanda ýa-da suw dökülende gurluşy öçüriň we ony haýal etmän set rozetkasyndan aýryň. Tehniki gözegçilik geçirmek üçin öz dileriňize ýüz tutuň. Hapalanan gurluşy ulanmaklyk ot almagyna ýa-da elektrik togunyň urmagyna getirip biler.

Eger ulanmak boýunça instruksiýada ýörite görkezmeler ýok bolsa, gurluşyň nurbatlanan gapagyny hiç hili ýagdaýda açmaň we aýyrmaň. Ýokary naprýaženiýeli komponentler elektrik togunyň urmagyna sebäp bolup biler.

Gurluşy üýtgetmäň we onuň böleklerini modifisirlemäň. Üýtgetmeler we modifikasiýalar ot almagyna ýa-da elektrik togunyň urmagyna getirip biler.

ÝUWUTMAK HOWPY Elektron ruçkany we batareýany tötänleýin ýuwutmazlyklary üçin, olary çagalaryň elýeterinden daşda saklaň.

Page 9: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

9Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Howpsuzlygyňyz üçin

4

Batareýa

Elektrik togy

Gurmak we göçürmek

Diňe görkezilen görnüşdäki batareýalary ulanyň. Başga görnüşdäki batareýa gyzyp/ot alyp ýa-da akkumulýator kislotasyny syzdyryp biler.

Batareýany dakylýan ýerjagazynda görkezilen polýarlyga pugta laýyklykda dakyň. Nädogry dakylan batareýa ýarylyp ýa-da syzyp, şikes ýetmegine sebäp bolup biler.

Könelme ýa-da zeper alamatlary bar bolan batareýalary ulanmaklyga rugsat berilmeýär. Ulanylan ýa-da zeper ýeten batareýalar syzdyryp biler.

Batareýalara zarýad bermäň, olary ters utgaşdyrmaň, gyzdyrmaň, döwmäň we oda taşlamaň, sebäbi ol syzmaklyga, ýylylyk bölünip çykmagyna ýa-da partlamaga sebäp bolup biler.

Batareýa utilizirlenen wagty onuň kontaktlaryny izolirläň (meselem izolýasion lenta bilen). Batareýa başga batareýalara göni kontakt eden wagty syzmaklyk, ýylylyk bölünip çykmagy ýa-da partlama emele gelip biler.

Batareýany galaýylamaň, sebäbi ol syzmaklyga, ýylylyk bölünip çykmagyna ýa-da partlamaga sebäp bolup biler.

Eger gurluş uzak wagtlap ulanylmasa, ony öçüriň we elektrik togunyň setinden aýryň.Eger ulanylmaýan gurluş elektrik toguna uzak wagtlap dakylgy dursa, izolýasanyň gowşamagy tok urmagyna, toguň geçmegine ýa-da ot almagyna sebäp bolup biler.

Gurluşy diňe üpjün edilýän komplektdäki set şnury bilen ulanmaly.

Gurluşy yranyp durjak ýerde goýmaň.

Gurluşy hapalanan ýerlerde ýa-da ýokary temperaturaly we çyglykly şertlerde goýmaň. Gurluşyň uzak wagtlap şuňa meňzeş ýaramaz şertlerde durmagy onuň ot almagyna ýa-da elektrik togunyň urmagyna getirip biler.

Ot almaz ýa-da elektrik togy urmaz ýaly, gurluşyň üstüne ýagyş damjasynyň ýa-da başga suwuklygyň düşmegine ýol bermäň.

ÄGÄ BOLUŇ

Page 10: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Howpsuzlygyňyz üçin

10 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Ulanylýan wagty ätiýaçlyk çäreleri

Batareýa

Howpsuzlyk boýunça maglumat (diňe Beýik Britaniýa üçin)Amatly we howpsuz bolmagy üçin bu gurluş üç ştekerli set wilkasy bilen üpjün edilýär.Wilka 5 amperlik ereýän predohranitel bilen üpjün edilýär. Predohraniteli çalyşanyňyzda täzesiniň 5 amperlikdigine we ASTA ýa-da BSI – BS1362 standartlaryna laýyk gelýändigine göz ýetiriň. Ereýän predohraniteliň korpusynda ASTA belliginiň ýa-da BSI belliginiň bardygyna göz ýetiriň. Eger wilka ereýän predohraniteliň aýrylýan gapagy bilen üpjün edilen bolsa, onda predohraniteli çalyşanyňyzdan soň ony ýerine dakyň. Predohraniteliň gapagy ýiten wagty, ony tapyp ýerine dakýançaňyz wilkany ulanmak bolmaýar. Ereýän predohranitel dakylýan ýeriň ätiýaçlyk gapagyny ýerli Panasonic dilerinden satyn alyp bilersiňiz.

EGER ULANYLÝAN ŞEKILLI WILKA BAR BOLAN ROZETKA GABAT GELMEÝÄN BOLSA, PREDOHRANITELI HÖKMAN ÇYKARMALY, WILKANY KESMELI WE OLARY HOWPSUZ UTILIZIRLEMELI.KESILEN WILKANY 13 AMPERLIK ROZETKA DAKMAK ELEKTRIK TOGUNYŇ GÜÝÇLI URMAGYNA GETIRIP BILER.Täze wilka dakanyňyzda hökman simleriň markalanyşyny aşakda görkezilişi ýaly barlaň. Islendik ýagdaýda şübhelenseňiz ökde hünärli elektrotehnige ýüz tutuň.

DUÝDURYŞBu gurluşy hökman zazemleniýe etmeli.

DUÝDURYŞBu set şnurunyň simi aşakdaky kodlara laýyklykda reňklenilýär:

Ýaşyl we sary: ýer

Gök: neýtral

Mele: naprýaženiýeli

Gurluş göçürilen wagty set şnuryny üýtgeýän toguň set rozetkasyndan hökman aýryň.Gurluşy set şnuruny aýyrman göçürmeklik şnura zeper ýetmegine sebäp bolup biler, munuň bolsa onuň ot almagyna ýa-da elektrik togunyň urmagyna getirip biler.

Gurluşy iki adam bolup göçürmeli. Bu talaby berjaý etmezlik gurluşyň ýykylmagyna we şikes ýetmegine eltip biler.

Gurluşy guranyňyzdan ýa-da göçüreniňizden soň, roliklere blokirläň we berk durmagy üçin açylýan aýajyklary gurnaň.

Gurluş ýykylan ýa-da oňa zeper ýeten ýagdaýynda gurluşy ýapyň we set şnuruny aýryň. Bu talaby berjaý etmezlik ot almagyna ya-da elektrik togunyň urmagyna getirip biler.

Hatda eger gurluş diwara gurnalan hem bolsa, ekrana ýa-da (aşaky) gapaga söýenmäň.

Eger gurluş uzak wagtlap ulanylmajak bolsa, batareýany gurluşdan çykaryp goýuň. Ýogsam, batareýanyň syzdyrmagy mümkin. Syzdyrýan batareýalary ulanmaň.

Rolikleri blokirlemek(Şu tarapa basyň)(Blokirlemek üçin basyň)

Page 11: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

11Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Howpsuzlygyňyz üçin

4

Eger gurluşyň set şnurundaky simleriň reňki wilkanyň kontaktlaryny aňladýan reňkli markirlemä gabat gelmeýän bolsa aşakdaky işleri ýerine ýetiriň.ÝAŞYL-SARY simi wilkanyň E harply klemmasyna ýa-da zazemleniýe simwolly klemma ýa-da bolmasa ÝAŞYL ýa-da ÝAŞYL-SARY klemma birikdiriň.GÖK reňkli simi wilkanyň N harply klemmasyna ýa-da GARA reňkli birikdiriň.MELE reňkli simi wilkanyň L harply klemmasyna ýa-da GYZYL reňkli klemma birikdiriň.

Ätiýaçlyk çäreleriBatareýany ulanmak baradaEger batareýa nädogry ulanylsa, ol syzdyryp (gurluşy posladyp bilýär) ýa-da ýarylyp biler. Şonuň üçin aşakda berilýän ätiýaçlyk çärelerini hemişe berjaý ediň.• Eger elektron ruçka batareýanyň çökmegi sebäpli

işlemegini bes etse, haýal etmän batareýany çykaryň we ýerli kanunçylyga laýyklykda utilizirläň. Elektron ruçkadan çykarylmadyk çöken batareýa syzdyryp biler.

Batareýany utilizirlemek baradaEreýän predohraniteli çalyşmagyň usuly:

Ereýän predohraniteliň dakylýan ýerini otwýortka bilen açyň we ereýän predohraniteli çalyşyň. Após o uso as pilhas/baterias

contidas neste produto poderão ser dispostas em lixo doméstico.

Braziliýa üçin

Niet weggooien,maar inleveren

als KCA.NL

Bij dit produkt zijn batterijen geleverd. Wanneer deze leed ziju, moet u ze niet weggooien maar inleveren als KCA.

Niderlandlar üçin

Taýwan üçin ( 台灣 )

Page 12: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Howpsuzlygyňyz üçin

12 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Duýduryş etiketkasy

Page 13: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Ulanmaklyk

13Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Ulanmaklyk

Bilelikde berilýän esbaplarelite Panaboard tagtasynyň şu esbaplar bilen üpjündigini barlaň.Eger haýsydyr bir komponentiň kemdigini bilseňiz, öz dileriňize ýüz tutuň.

Esbaplaryň sanawy

Bellik• Ýokarydaky suratda ABŞ üçin niýetlenilen set şnury görkezilýär. Wilkanyň formasy ýurda/sebite

baglydyr.• Söýget aýratyn satylýar.• Elektron ruçkanyň goşmaça ujuny şu ulanmak boýunça gollanma bilen bilelikde saklaň.• Käbir ýurtlarda/sebitlerde kepillik berilmän biler.

Kompakt-diski ulanmak barada

Set şnury(3 m) 1 USB kabeli

(5 m) 1 CD-ROM-da programma üpjünçiligi 1

AAA (LR03) batareýa (bir gezeklik) 1 Elektron ruçka 1 Elektron ruçkanyň ujy

(çalşyrylýan) 2

Ulanmak boýunça instruksiýa (Esasy funksiýalar)

(bu dokument)1 Kepillik 1

Kompakt-diske zeper ýetmeginden gaça durmak üçin:• Diskiň ýüzüne degmäň we zat ýazmaň.• Diski gorag gapsyz goýmaň.• Diski gün ýagtylygynyň göni aşagynda ýa-da ýylylyk çeşmesiniň golaýynda goýmaň.• Diskiň gabynyň üstünde agyr zatlary goýmaň we ony ýere gaçyrmazlyga çalyşyň.• Diski arassalamak üçin ony gyrasyndan tutuň we gury, ýumşak mata bilen ortasyndan gyralaryna tarap

edip süpüriň.

Page 14: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Ulanmaklyk

14 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Bölekleriň ady we ulanylyşyEkran

Ýagdaý datçigiElektron ruçkanyň ýagdaýyny kesgitleýär.elite Panaboard bilen işleýän wagtyňyz datçigiň öňüni ýapmaň.

Tagtanyň ekranyKompýuteriň ekranyndaky zatlary proýektoryň kömegi bilen proýesirleýär.

Toguň wyklýuçateli

Ruçka nowajygyGapajygyň ortasyna basyň, şonda 2 sany elektron ruçka saklap bolýan nowajyk açylar.

USB gürleýjisiKompýuterden ýa-da audionyň giriş portundan audio signalyny çykaryp, stereofonik ses çykarmaklygy üpjün edýär.

Ses tigirçegiGürleýjiniň sesini sazlamaga mümkinçilik berýär.Berlen wagty ses indikatory ortaça ýagdaýda goýulgy bolýar.

Daşarky audio giriş portyWideomagnitofonyň (ýa-da DVD ýerine ýetirjiniň we ş.m.) audio çykyş portuny şol porta birikdiriň we sesi USB gürleýjisiniň üsti bilen diňläň.

Yşyk-diodly ýagdaý indikatorlaryÇep: toguň yşyk-diodly indikatory (ýaşyl)Tok açyk wagty ýaşyl yşyk ýanýar.Sag: yşyk-diodly ýalňyşlyk indikatory (gyzyl)Ýalňyşlyk ýüze çykan wagty gyzyl yşyk ýanyp-sönýär.

USB konsentratory (2 port)Şu portlaryň kömegi bilen daşarky gurluşy elite Panaboard tagtasyna göni birikdirip bolýar (sah. 19).

USB portyUSB kabeliniň kömegi bilen kompýuteri gönümel birikdirmek üçin ulanylýar (goşulýar).

Öň tarapdan görnüşi

Page 15: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Ulanmaklyk

15Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Bellik• Elite Panaboard diňe proýektoryň kömegi bilen şekilleri proýesirlemek üçin niýetlenendir. Ak tagtanyň

markirleme galamy bilen ekranyň ýüzüne ýazmaň.• USB konsentratorynyň üsti bilen birikdirilen daşarky gurluşlaryň takyk işlemegi kepillendirilmeýär.• USB konsentratorynyň üsti bilen birikdirilen uly tokly daşarky gurluşlar (meselem, skanerler ýa-da

CD/CD-R disk sürüjileri) bolmalysy ýaly işlemän biler. Bu barada has doly maglumatlary degişli gurluşyň dilerinden öwrenip bilersiňiz.

Elektron ruçka

Üýtgeýän toguň razýomy

Arka tarapdan görnüşi

Set şnury

Ultrases şöhlelendirijiBu zolagyň üstüni barmak bilen ýapmaň.Ol elite Panaboard tagtasynyň elektron ruçkanyň ýerini dogry kesgitlemegine mümkinçilik bermeýär.

IG şöhlelendirijiBu zolagyň üstüni barmak bilen ýapmaň.Ol elite Panaboard tagtasynyň elektron ruçkanyň ýerini dogry kesgitlemegine mümkinçilik bermeýär.

Ruçkanyň düwmesiKompýuteriň syçanjygynyň çep düwmesine tyrkyldadylandaky ýaly funksiýany ýerine ýetirýär.Batareýanyň ýerjagazynyň gapagy

Elektron ruçkanyň ujyElektron ruçkanyň ujuna basylan wagty ultrases tolkunlary we infragyzyl signallar geçýär, soňra bolsa syçanjygyň çep düwmesini tyrkyldatmaga degişli buýruk ýerine ýetirilýär.

Page 16: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Ulanmaklyk

16 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Bellik• Elektron ruçkany ekranyň ýüzüne dogry burç bilen saklaň. Eger ruçkany gyşyk saklasaňyz, onuň

ýagdaýy nädogry hasaplanyp biler.

• Birnäçe ruçkany şol bir wagtda ulanmaň. Bu näsaz işlemeklige eltip biler.• Elektron ruçkany elite Panaboard tagtasynyň ýanynda saklap, elektron ruçkanyň ujuna basmaň. Bu

nädogry işlemeklige eltip biler.

Bellik• Elektron ruçka takmynan 30 minutdan energiýa tygşytlaýjy režime geçýär.• Ujuna basylansoň ruçkanyň energiýa tygşytlaýjy režimden çykmagynyň haýal ýerine ýetirilmegi

mümkin.• Elektron ruçka bilen işlenende hyžžyldyly ses eşidiler: ýagdaýy kesgitlemek üçin ruçka ultrases

tolkunyny çykarýar. Bu ses golaýyndaky adamlara ýa-da gurluşlara zyýan bermeýär. Ol elektrik togunyň urmagyna sebäp bolmaýar.

Batareýalary dakmak (çalyşmak)1. Batareýa dakylýan ýerjagazyň gapajygyny

aýryň (dakyň).

• Gapak dakanyňyzda şu prosedurany tersligine ýerine ýetiriň.

2. Batareýany dakyň (çalşyň) we gapajygy dakyň.

• Diňe AAA görnüşli aşgarly batareýa ulanyň we hem-de görnüşinde dogry

ýerleşdirilendigini barlaň.

Page 17: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Ulanmaklyk

17Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Daşarky gurluşlary birikdirmek1. Toguň pereklýuçatelini “O” (Ýapyk) ýagdaýynda goýuň, set şnuruny (üpjün edilýän komplekte

girýär) elite Panaboard tagtasyna birikdiriň we set şnurunyň wilkasyny üýtgeýän toguň rozetkasyna dakyň.

• Set şnuruny elite Panaboard tagtasyna ýakyn rozetka dakyň, onsoň ony aýyrmak aňsat bolar.• Eger söýget (goşmaça üpjün edilýär) ulanýan bolsaňyz, set şnuruny üýtgeýän toguň

rozetkasyna dakyň we şnury aşakdaky suratlarda görkezilişi ýaly edip berkidiň.

• Zazemleniýe baradaEger zazemleniýe liniýasyny birikdirip bilmeseňiz, öz dileriňize ýüz tutuň. Zazemleniýe liniýasyny birikdirmegiň bahasy elite Panaboard tagtasynyň bahasyna goşulmaýar.

• Üpjün edilýän komplektdäki set şnury diňe elite Panaboard tagtasy bilen ulanmak üçin niýetlenilendir. Ony başga gurluşlar bilen ulanmaň.

Set şnury

Toguň wyklýuçateli

Arka tarapdan görnüşi

(Açyk)

(Ýapyk)

Set şnury(bile berilýär)

Set şnury aşaky bölekden birikdirilende. Set şnury elite Panaboard tagtasynyň aşak tarapyndan uzaboýuna birikdirilende.

Page 18: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Ulanmaklyk

18 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

2. elite Panaboard tagtasyny USB kabeliň (üpjün edilýän topluma girýär) kömegi bilen kompýutere birikdiriň.• elite Panaboard: “B” birleşdirgijini (kiçisi) elite Panaboard tagtasynyň USB portuna dakyň. Kompýuter:

“A” birleşdirgijini (ulusy) kompýuteriň USB portuna dakyň.• elite Panaboard tagtasyny USB konsentratorynyň üsti bilen açmaň. Bu näsaz işlemeklige eltip biler.

3. Kompýuteri proýektora birikdiriň.• Kompýuteri proýektora birikdirmek boýunça instruksiýalary görmek üçin ser. ulanmak boýunça degişli

gollanmalar.

USB portuna USB kabeli(bile berilýär)

Wideokabel

Üýtgeýän tok

Kompýuter Proýektor

Üýtgeýän tok

Page 19: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Ulanmaklyk

19Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Daşarky gurluşlary birikdirmek1. elite Panaboard tagtasyna USB kabeliň (aýratyn satylýar) kömegi bilen daşarky gurluşy birikdiriň.

• elite Panaboard: “A” birleşdirgijini (ulusy) elite Panaboard tagtasynyň USB portuna dakyň. Daşarky gurluş: “B” birleşdirgijini (kiçisi) daşarky gurluşdaky USB portuna dakyň.

Ulanmak üçin ýer saýlamak barada • elite Panaboard tagtasyny gün şöhlesiniň göni düşýän ýerinde, peçleriň, ýyladyş/sowadyş ulgamlarynyň

wentilýasiýa zolaklarynyň golaýynda ýa-da şemally ýerlerde gurmaň.• elite Panaboard tagtasyny 10 °C-dan pes temperaturada, şeýle hem temperaturanyň çalt üýtgäp durýan

ýerlerinde ulanmaň.

Bellik• Ýokaryda görkezilen ýerleriň birinde goýlan ýagdaýynda, elite Panaboard tagtasy näsaz işläp biler.

USB portuna

USB kabeli (aýratyn satylýar)

Köp funksiýaly printer

Planşet skaner

USB portuna

Page 20: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Ulanmaklyk

20 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Sesini sazlamak• elite Panaboard tagtasynyň USB gürleýjisiniň sesini ses tigirçegi, Windows operasion ulgamyndaky ses

dolandyryş elementi, şeýle hem ulanylýan priloženiýedäki ses dolandyryş elementi bilen sazlap bolýar. Sesi sazlamak üçin, ses tigirçeginden peýdalanyň ýa-da sesi priloženiýeden sazlaň.

Toguň wyklýuçateli• elite Panaboard tagtasyny öçüreniňizden soň, ony täzeden açmak üçin iň bolmanda 2 sekunt garaşyň.

Söýget ulanylanda elite Panaboard tagtasynyň ýerini üýtgetmek (aýratyn satylýar)

1. Toguň pereklýuçateliniň “O” (Ýapyk) ýagdaýynda goýlandygyna göz ýetiriň we set şnuruny hem-de USB kabelini aýryň.

2. Rolikleri gowşadyň.3. elite Panaboard tagtasyny urgulardan we sarsgynlardan seresap bolup geçiriň.

Bellik• elite Panaboard tagtasy diňe iki adam bolup geçiriň.• Kabeli süýremäň we üstünden basmaň.

4. Rolikleri berkidiň.

Page 21: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

21Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Ulanmaklyk

4

elite Panaboard software gurmakelite Panaboard tagtasy bilen ulanyljak kompýutere hökman elite Panaboard software gurmaly.elite Panaboard software gurmak üçin aşakdaky işleri ýerine ýetiriň.

Bellik• Tä gurmaklyk gutarýança USB kabelini dakmaň.• Bir kompýutere 1 sanydan köp elite Panaboard

tagtasyny birikdirmäň. (Bu kompýuteriň nädogry işlemegine eltip biler.)

1. Kompýuteri açyň we Windows operasion ulgamyny işlediň.• Ulgama administrator hukugy bilen giriň.

2. Bile berilýän kompakt-diski kompakt-disk okaýja salyň. • Gurnaw ekrany görkeziler.• Eger gurnaw ekrany görkezilmese, Windows

Prowodnikden kompakt-disk okaýjyny saýlaň we iki gezek [Menu.exe] punktuna tyrkyldadyň.

• Eger Windows Vista-da ýa-da Windows 7-de “Awto-işlet” penjiresi görkezilse, [Menu.exe ýerine ýetir] punktuny saýlaň.

3. Hoşgeldiňiz ekrany görkezilensoň, [Далее] (Öňe) düwmesine basyň.

4. Eger “Выбор модели” (Model saýla) ekrany görkezilse, ulanylýan gurluşyň görnüşine basyň.

5. [Установить elite Panaboard] (elite Panaboard gur) düwmesine tyrkyldadyň.

6. Eger lisenziýa ylalaşygynyň şertlerini kabul edýän bolsaňyz, [Да] (Hawa) düwmesine basyň.• Eger Windows Vista operasion ulgamynda

“Ulanyjylary hasaplaryny barlamak” penjiresi görkezilse, gurnawy dowam etdirmek üçin [dowam et] düwmesine basyň.

• Eger Windows 7-de “Hasaplary barlamak” penjiresi görkezilse, gurnawy dowam etdirmek üçin [Hawa] düwmesine basyň.

7. Aşakdaky ekran görkezilende USB kabeliniň kompýutere ýa-da elite Panaboard tagtasyna birikdirilendigine göz ýetiriň we [OK] (Bolýar) düwmesine basyň.• Eger USB kabeli elite Panaboard tagtasyna

birikdirilen bolsa, ony aýryň we [OK] düwmesine basyň.

• Eger .NET Framework 2.0 ýa-da has giçki wersiýasy gurulmadyk bolsa, gurnaw ekrany görkeziler. Bu priloženiýeleri gurmak üçin ekrandaky instruksiýalara eýeriň.

8. Eger halypa penjiresi görkezilse, ekrandaky instruksiýalara eýeriň we gurnawy dowam etdiriň.

9. Gurnaw gutaransoň [Готово] (Boldy) düwmesine basyň.• Kompýuteri täzeden başlatmak soralanda ony

täzeden başladyň.• Programmalar menýusynda [Panasonic]

toparynda [elite Panaboard] topary dörediler.

Page 22: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Ulanmaklyk

22 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

• [elite Panaboard] toparynda aşakdaky punktlar görkeziler:– elite Panaboard software– elite Panaboard book– Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy

funksiýalar)– Ulanmak boýunça instruksiýa (programma

üpjünçiligi)– Soňky wersiýany ýükle

Proýektory gurmakAşakdaky instruksiýalary ýerine ýetirip, proýektory guruň.

Şekili pozisionirlemek barada• Şekil proýesirlenýän wagty onuň ekranyň

çarçuwasyndaky boş ýeri iň bolmanda 5 mm bolmalydyr. Elektron ruçka datçikden 50 mm uzaklykda, ekranyň ýüzüniň çep ýokarky burçundaky ýagdaýynda ýalňyş işlemegi mümkin.

UB-T781/UB-T761

UB-T781W

Proýesirleme zolagy 5 mm

5 mm

5 mm

50 mm

5 mm5 mm Proýesirleme zolagy

5 mm

50 mm

Page 23: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

23Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Ulanmaklyk

4

Şekili gönüburçluk görnüşinde proýesirläň• elite Panaboard tagtasyna göni burç bilen

proýesirlemek üçin proýektoryň duruşyny sazlaň.

• Eger şekil trapesiýa görnüşinde proýesirlenýän bolsa, elektron ruçkanyň ýagdaýynyň ýalňyş bolmagy mümkin. Şekiliň gönüburçly görnüşde proýesirlenmegi üçin proýektory sazlaň. Proýesirlenýän şekili sazlamak barada ser. proýektoryň dokumentasiýasy.

Dogry çözgüt belläň• Kompýuteriň we proýektoryň iň amatly çözgüdini

belläň.Eger çözgüt ýalňyş bellenilen bolsa, şekiliň görnüşi ýaramaz bolar. Hususan-da, eger proýektoryň çözgüdi kompýuteriň çözgüdinden pes bolsa, inçe çyzyklaryň üzlem-saplam görkezilmegi mümkin. Çözgüdi sazlamak barada ser. proýektoryň dokumentasiýasy.

Proýektoryň çyrasyna göni seretmäň• Proýektor işleýärkä onuň çyrasyna göni seretmejek

boluň. Ol gözleriňize zeper ýetirip biler.

Page 24: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Ulanmaklyk

24 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

.

Ulgamy sazlamak (kalibrleme)Kalibrleme baradaKalibrleme elite Panaboard tagtasynyň we proýektoryň, ekranda elektron ruçka bilen çyzylan çyzyklaryň we berlen düşündirişleriň ekranyň ýüzünde proýesirlenýän şekile dogry goýular ýaly sazlanmagydyr. Iş başlamanka hökman kalibrlemäni ýerine ýetiriň.elite Panaboard tagtasynyň sazlamasy gutaransoň, ekranyň ýüzüne şekili proýesirläň we kompýuteriňize gurlan elite Panaboard software arkaly kalibrlemäni ýerine ýetiriň.

Kalibrlemeden soňelite Panaboard tagtasynyň ýa-da proýektoryň ýerini üýtgediň• Aşakdaky ýagdaýlarda proýesirlenýän şekiliň we

elektron ruçkanyň ýagdaýy biri-birine gabat gelmeýär we olaryň gaýtadan kalibrlenmegi talap edilýär.– Proýektoryň duruşy üýtgese.– elite Panaboard tagtasynyň duruşu üýtgese.– Zumuň, fokusirlemäniň we ş.m. üýtgemegi

sebäpli şekiliň ýeri ýa-da ýerleşişi üýtgese.– Proýektoryň ýa-da kompýuteriň çözgüdi üýtgese.

• Eger elite Panaboard tagtasy söýgete gurlan bolsa, elite Panaboard tagtasyna degmejek boluň we iş wagtynda oňa elektron ruçka bilen çakdanaşa gaty basmaň, sebäbi şonda söýgediň gozgalmagy mümkin, bu bolsa proýesirlenýän şekil bilen elektron ruçkanyň duruşynyň gabat gelmezligine sebäp bolup biler.

• elite Panaboard tagtasy ulanylanda söýgediň roliklerini hökman berkidiň, sebäbi söýgediň gozgalmagy gabat gelmezlige sebäp bolup biler.

elite Panaboard software-i işletmek we kalibrlemäni ýerine ýetirmek1. elite Panaboard tagtasyny açyň.2. elite Panaboard tagtasyny USB kabel arkaly

kompýutere birikdiriň.• elite Panaboard software awtomatik işledilýär.• elite Panaboard software ilkinji gezek işledilende

kalibrleme ekrany görkezilýär.• Kompýuteri täzeden başlatmak soralanda ony

täzeden başladyň. Kompýuter täzeden başladylansoň, elite Panaboard tagtasyny USB kabel arkaly kompýutere birikdiriň.

3. Kalibrlemäni ýerine ýetiriň.4. Göni burç bilen tagtadaky her töweregiň

kesişme nokatlaryna şol nokatlar ýitýänçä elektron ruçka bilen basyp duruň (2 sekunda golaý). Aşakdaky şekilde görkezilşi ýaly tertipde gaýtalaň.

Page 25: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

25Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Ulanmaklyk

4

• Elektron ruçkany tutup durup, onuň bilen ekranyň üstüne dogry burç boýunça basyň.

• Ujy bilen basylanda elektron ruçka hyžžyldyly ses çykarýar.

• Bellenilen nokadyň ýagdaýy dogry kesgitlenenden soňra indiki nokadyň awtomatik kalibrlemesi başlaýar.

• Kalibrleme kadaly gutaransoň, onuň gutarandygy barada dialog penjiresi görkezilýär.

5. [OK] düwmesine basyň.• elite Panaboard tagtasy we proýektor berkidilen

we gozganmaýan bolsa (diwara gurlan ýagdaýynda), elite Panaboard software indiki gezeklerde işledilende kalibrleme geçiriler ýaly [Всегда использовать эти сведения о калибровке] (Kalibrleme barada şu maglumatlary hemişe ulan) baýdajygyny belläň we [ОК] düwmesine basyň.

• Kalibrleme tamamlanansoň habarnama zolagynda belgisi görkezilýär, ondan soňra ekran garaltma guraly awtomatik görkezilýär.

[Surat çekiş gurallary]• Indi elite Panaboard software-i ulanmak mümkin.

Bellik• Ýokardaky suratda görkezilen surat çekiş

guraly 3.1 wersiýaly elite Panaboard progammasyndan mysal hökmünde alnandyr.

• elite Panaboard software-iň ulanylmagy hakynda jikme-jik maglumat üçin bile berilýän elektron gollanma serediň ýa-da operatiw salgylanma menýusyny saýlaň. “Ulanmak boýunça instruksiýa (programma üpjünçiligi)” elektron dokumentasiýany görmek üçin ser. “Elektron dokumentasiýany görmek” bölümi (sah. 26).

elite Panaboard software-den çykmak“Habarnama zolagy” nyşanjygyna sag düwme bilen tyrkyldadyň we menýuda [Выход] (Çyk) düwmesini saýlaň.

Page 26: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Ulanmaklyk

26 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

elite Panaboard software-i aýyrmakelite Panaboard software-i aýyrmak üçin aşakdaky işleri ýerine ýetiriň.1. Kompýuteri açyň we Windows-y işlediň.

• Ulgama administrator hukugy bilen giriň.2. Dolandyryş panelinde [Установка и удаление

программ] (Programmalary gur we aýyr) punktuny saýlaň.• Windows Vista-da ýa-da Windows 7-de

[Programmany aýyr] punktuny saýlaň.3. Panasonic elite Panaboard programmasyny

saýlaň we aýryň.4. Ekrandaky instruksiýalary berjaý ediň. 5. Aýyrmaklyk gutaransoň, kompýuteri täzeden

başladyň.

Elektron dokumentasiýany görmek“Ulanmak boýunça instruksiýa (programma üpjünçiligi)” elektron dokumentasiýasyny görmek üçin aşakdaky işleri ýerine ýetiriň.1. Kompýuteri açyň we Windows-y işlediň.2. Işlet menýusyndan “Ulanmak boýunça

instruksiýa (programma üpjünçiligi)” punktuny açyň. ([Işlet] → [Programmalar] → [Panasonic] → [elite Panaboard] → [Справка программного обеспечения] (Programma üpjünçiligi üçin ulanmak boýunça instruksiýa))• Elektron dokumentasiýa görkezilýär.• Windows 2000 operasion ulgamynda [Ähli

programmalar] punktunyň ýerine [Programmalar] punkty görkezilýär.

Bellik• Elektron dokumentasiýany görmek üçin

kompýuterde Adobe® Reader® priloženiýesi gurlan bolmalydyr. Eger kompýuter Internet setine birikdirilen bolsa, Adobe Reader priloženiýesini Adobe kompaniýasynyň websaýtyndan göçürip bolýar.

Programmanyň iň täze wersiýasyny göçürip almakWebsaýtdan programmanyň iň täze wersiýasyny göçürip almak üçin aşakdaky amaly ýerine ýetiriň.

1. Kompýuteri açyň we Windows-y işlediň.2. [Işlet] menýusynda [Ähli programmalar] →

[Panasonic] → [elite Panaboard] saýlaň we [Загрузить последнюю версию] (Soňky wersiýany ýükle) punktuna basyň.

Page 27: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

27Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Priloženiýe

4

Priloženiýe

Gündelik seredişelite Panaboard tagtasy daş ýüzünden ýa-da iç ýüzünden arassalanan wagty togy hökman öçüriň we set şnuruny üýtgeýän toguň rozetkasyndan aýryň.

Tagtany arassalamak elite Panaboard

elite Panaboard tagtasyny ýumşak, öl mata ulanyp örän seresaply süpüriň.

Bellik• elite Panaboard tagtasy proýektoryň kömegi

bilen diňe şekil proýesirlemek üçin niýetlenilendir.

• Aýrylmagy kyn bolan tegmilleri satuwda bar bolan ak tagta arassalaýjysy ýa-da suw goşulan neýtral hojalyk arassalaýjysy bilen aýryň.

• Arassalamak üçin suwaldyjy, benzol ýa-da abraziw himikatlar ulanmaň. (Reňkini soldurmagy mümkin.)

Elektron ruçkanyň batareýasyny çalyşmakElektron ruçkanyň batareýasy çöken wagty kompýuteriň ekranynda “Батарейка ручки разряжена. Немедленно замените батарейку.” (Ruçkanyň batareýasy çökdi. Batareýany dessine çalşyryň.) diýen habar görkeziler. Elektron ruçkany şondan artykmaç ulanmaklyk işi ýaramazlaşdyryp biler. Batereýany mümkin boldugyça tiz çalyşyň. Batareýa çalyşmak barada jikme-jik maglumat üçin ser. “Batareýalary dakmak (çalyşmak)” (sah. 16).• Ulanylan batereýalary mümkin boldugyça tiz

utilizirläň, kontaktlaryny lenta bilen ýelimläň we öz ýurduňyzda/sebitiňizde kabul edilen utilizasiýa kadalaryny berjaý ediň.

Após o uso as pilhas/baterias contidas neste produto poderão ser dispostas em lixo doméstico.

Braziliýa üçin

Niet weggooien,maar inleveren

als KCA.NL

Bij dit produkt zijn batterijen geleverd. Wanneer deze leed ziju, moet u ze niet weggooien maar inleveren als KCA.

Niderlandlar üçin

Taýwan üçin ( 台灣 )

Page 28: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Priloženiýe

28 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Elektron ruçkanyň ujuny çalyşmakElektron ruçkanyň ujy könelen wagty onda deşik peýda bolýar. Elektron ruçkany şunuň ýaly ýagdaýda ulanmaga dowam etmeklik ekrana zeper ýetmegine ýa-da nädogry işlemeklige eltip biler, şonuň üçin ony mümkin boldugyça tiz täzesi bilen çalyşmaly.

Page 29: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Priloženiýe

29Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Näsazlyklary düzetmekNäsazlyklar ýüze çykan ýagdaýynda aşakdaky tablisa seredip, mümkin bolan çözgütleri tapyň. Eger-de näsazlyk aradan aýrylmaýan bolsa, onda öz dileriňize ýüz tutuň.

Alamat Ähtimal sebäbi we çözgüdi Ser. sah.

Işyk-diodly indikatorlar elektrik togunyň pereklýuçateli açylanda ýanmaýar.

Set şnurunyň dogry birikdirilendgini barlaň.→ Eger näsazlyk düzelmese, elektrik toguny öçürip açyň.

Gyzyl yşyk-diodly indikator ýanyp-sönýär.

Togy öçüriň we ýakyň.→ Eger-de näsazlyk aradan aýrylmaýan bolsa, onda öz dileriňize ýüz

tutuň.—

Kompýuter elite Panaboard tagtasyny tanamaýar.

• elite Panaboard tagtasy bilen kompýuter birikdirilmedik.→ elite Panaboard tagtasyny USB kabel arkaly kompýutere

göwnejaý birikdiriň.• USB kabeli USB konsentratoryna birikdirilen.

→ elite Panaboard tagtasyny USB konsentratorynyň üsti bilen açmaň.

Kompýuter bilen elite Panaboard tagtasynyň arasyndaky birikme duýdansyz kesilýär.

elite Panaboard tagtasynyň işläp durandygyna we USB kabeliniň dogry birikdirilendigine göz ýetiriň.

Elektron ruçkanyň nädogry ýagdaýy.

Proýesirlenýän şekil gabat gelmeýär.→ Kalibrlemäni ýene bir gezek ýerine ýetiriň.

24

Goýulýan çyzyklar we düşündirişler dolulygyna ýa-da bolmaly ýerinde görkezilmeýär.Elektron ruçka işlemeýär.

• Siz elektron ruçkany tagta göni burç bilen tutmaýarsyňyz.• elite Panaboard tagtasy gün şöhlesiniň göni aşagynda ýa-da

güýçli ýagtylykda ulanylýar.• Infragyzyl sazlaýjylar (meselem telewizoryň UD pulty) ulanylýar

we olar ýagdaý datçigine gönükdirilýär.• elite Panaboard tagtasynyň gyralarynyň ýanynda diwar ýa-da

potolok ýerleşýär.• elite Panaboard tagtasynyň ýanynda howa kondisionirleýji ulgam

ýerleşýär.• elite Panaboard tagtasynyň ýanynda plazmaly telewizion panel

ýa-da LCD telewizor ulanylýar.• Ýagdaý datçiginiň bir böleginiň öňi ýapyk.• Siz eliňiz bir ýeri bilen elektron ruçkanyň datçiginiň öňüni tutup

dursuňyz.• Şol bir wagtda birnäçe elektron ruçka ulanylýar.• Elektron ruçkanyň batareýalary çöküpdir.

→ Ýokarda bellenilen sebäpleriň hiç biriniň näsazlyk döretmeýändigine göz ýetiriň.Eger ýokaryda görkezilen sebäpleriň hiç birisi utgaşmazlyk döretmeýän bolsa, onda ýene-de bir gezek kalibrlemäni ýerine ýetiriň.

Page 30: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Priloženiýe

30 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Kompýuteriň ekranynda artykmaç çyzyklar görkezilýär.

elite Panaboard tagtasynda elektron ruçka bilen ýazgyny ýerine ýetirip, siz elite Panaboard tagtasyna elektron ruçkanyň ujuny ýakyn tutup, oňa barmagyňyz basdyňyz.→ Elektron ruçkanyň ujuna barmagyňyzy basmaň.

Kompýuteriň ekranynda “Батарейка ручки разряжена. Немедленно замените батарейку.” diýen habar görkeziler.

Elektron ruçkanyň batareýasy çöküpdir. → Elektron ruçkanyň batareýasyny çalyşyň.

1627

Marker bilen ak tagtada çyzylan bellikleri aýryp bolmaýar.

elite Panaboard tagtasy diňe proýektoryň şekilleri üçin niýetlenilen we bellikleri adaty süpüriji çotga bilen aýryp bolmaýar.→ Ak tagtanyň satuwdaky arassalaýjysyny ýa-da täsirsiz suwuk

ýuwujy serişdäni ulanyň.

27

Ses pes ýa-da gürleýjiden ses çykmaýar.

• elite Panaboard tagtasynyň ses derejesi pes.→ Ses tigirçegi bilen sesi sazlaň.

• Kompýuterde ses peseldilip goýlupdyr ýa-da ses ýapyk.→ Habarnama zolagyndaky ses dolandyryş elementiniň kömegi

bilen sesi sazlaň ýa-da “sessiz” baýdajygyny aýryň.• Priloženiýede ses pes.

→ Priloženiýeden sesi sazlaň (meselem, Windows Media ýerine ýetirijisi).

• Daşarky audionyň giriş porty bilen wideomagnitofonyň ýa-da DVD ýerine ýetirjiniň we ş.m. arasyndaky birikme nätakyk gurlupdyr.→ Daşarky audionyň giriş porty bilen wideomagnitofony ýa-da

DVD ýerine ýetirijini we ş.m. pugta birikdiriň.

14

USB konsentratoryna birikdirilen daşarky gurluş bolmalysy ýaly işlemeýär.

• elite Panaboard tagtasy bilen daşarky gurluş birikdirilmändir.→ elite Panaboard tagtasy bilen daşarky gurluşy pugta birikdiriň.

• Ähtimal, daşarky gurluşlaryň işleýşini üpjün edýän draýwer ýa-da priloženiýe gurulmandyr.→ Daşarky gurluşlary ulanmak boýunça instruksiýalara eýerip,

draýweri ýa-da priloženiýäni guruň.

Alamat Ähtimal sebäbi we çözgüdi Ser. sah.

Page 31: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Priloženiýe

31Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Tehniki häsiýetnamaModeliň belgisi UB-T781/UB-T781W/UB-T761

Esasy häsiýetnamalar

Elektrik togy 100–240 W üýtgeýän tok, 50 Gs/60 Gs

Sarp edilýän kuwwatlykUlanylýan wagtynda

0,4 A

Ulanmagyň şerti Temperatura: 15–35 °CÇyglylyk: 30–80 % aralygy

Saklamagyň şerti Temperatura: -20–40 °CÇyglylyk: 15–80 % aralygy

Interfeýs USB 2.0

Konsentratoryň portlarynyň sany

2 port

Interaktiw mümkinçilikler

Elektron ruçkanyň elektrik togy

LR03 (gury aşgarly batareýa AAA) × 1

Elektron ruçkanyň batareýasynyň iş wagty

30 sagat (25 °C bilen hemişelik işledilende)* Panasonic LR03 gury aşgarly batareýa ulanylanda.

Audio häsiýetnamasy

Audio girişi Giriş derejesi: 309 mVrms (1 kGs, 0 dB, 10 kOm)Stereo ulgamy 1, stereo mini-razýom 3,5 mm

Audio çykyşy 2 Wt + 2 Wt (maksimum 4 Wt + 4 Wt)

Page 32: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Priloženiýe

32 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Modeliň belgisi UB-T781

Esasy häsiýetnamalar

Daşarky ölçegler:Beýikligi × Ini × Çuňlugy

1340 mm × 1752 mm × 89 mm

Agramy 27 kg

Girişiň gurluşy Ekranyň ýüzüniň ölçegi:Beýikligi × Ini

1175 mm × 1692 mm

Interaktiw mümkinçilikler

Effektiw zolak:Beýikligi × Ini

1165 mm × 1502 mmŞekili ekranyň çarçuwasyndan iň bolmanda 5 mm boş ýer goýup proýesirläň. Elektron ruçka datçikden 50 mm uzaklykda, ekranyň ýüzüniň çep ýokarky burçundaky ýagdaýynda ýalňyş işlemegi mümkin.

77 dýuým 5 mm

5 mm

Proýesirleme zolagy

5 mm

50 mm

Page 33: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Priloženiýe

33Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Modeliň belgisi UB-T781W

Esasy häsiýetnamalar

Daşarky ölçegler: Beýikligi × Ini × Çuňlugy

1340 mm × 1899 mm × 89 mm

Agramy 28 kg

Girişiň gurluşy Ekranyň ýüzüniň ölçegi:Beýikligi × Ini

1175 mm × 1839 mm

Interaktiw mümkinçilikler

Effektiw zolak:Beýikligi × Ini

958 mm × 1829 mmŞekili ekranyň çarçuwasyndan iň bolmanda 5 mm boş ýer goýup proýesirläň. Elektron ruçka datçikden 50 mm uzaklykda, ekranyň ýüzüniň çep ýokarky burçundaky ýagdaýynda ýalňyş işlemegi mümkin.

5 mm

Proýesirleme zolagy

5 mm

50 mm

5 mm83 dýuým

Page 34: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Priloženiýe

34 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Modeliň belgisi UB-T761

Esasy häsiýetnamalar

Daşarky ölçegler: Beýikligi × Ini × Çuňlugy

1142 m × 1489 mm × 89 mm

Agramy 21 kg

Girişiň gurluşy Ekranyň ýüzüniň ölçegi:Beýikligi × Ini

977 mm × 1429 mm

Interaktiw mümkinçilikler

Effektiw zolak:Beýikligi × Ini

967 mm × 1239 mmŞekili ekranyň çarçuwasyndan iň bolmanda 5 mm boş ýer goýup proýesirläň. Elektron ruçka datçikden 50 mm uzaklykda, ekranyň ýüzüniň çep ýokarky burçundaky ýagdaýynda ýalňyş işlemegi mümkin.

64 dýuým

5 mm

5 mm

5 mm

50 mm

Proýesirleme zolagy

Page 35: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Priloženiýe

35Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Sarp ediş materiallary we goşmaça esbaplar

*1 UB-T761 modeli ü. in KX-B061 üpjün edilmeýär.

• Aýratyn satylýan elementleri öz dileriňizden satyn alyp bilersiňiz.

Goşmaça gurluş Elektron ruçka UE-608025

Söýget KX-B061*1

Gurmak zerur däl komplekt UE-608050

Page 36: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

36 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Gurnaw gollanmasy

Gurnaw gollanmasy (tehniki hyzmat boýunça ökde hünarli hünärmen üçin)

• Elektron tagtany we söýgedi gurnamak, şeýle hem diwara montaž etmek barada öz dileriňize ýüz tutuň.• elite Panaboard tagtasyny gurnamaga ýa-da gurmaga başlamankaňyz, “Gurnaw gollanmasy (ökde hünärli

gullukçy personal üçin)” bölümini üns bilen okap çykyň.“Howpsuzlygyňyz üçin” bölümine aýratyn üns beriň we elite Panaboard tagtasyny pugta guruň.Panasonic System Networks Co., Ltd. kompaniýasy nädogry gurmaklyk sebäpli ýüze çykan betbagtçylykly hadysalar ýa-da emläge ýeten ýitgiler üçin jogapkärçilik çekip bilmeýär.

• elite Panaboard tagtasyny diwara ýa-da söýgede gurmak işini 2 adam bolup ýerine ýetirmeli.

Howpsuzlygyňyz üçinAgyr şikeslerden we ölümlerden gaça durmak şeýle hem, dogry we howpsuz ulanmaklygy üpjün etmek üçin, gurluşy ulanyp başlamankaňyz şu bölümi üns bilen okap çykyň.

Gurnaw gollanmasynda aşakdaky grafiki alamatlar ulanylýar.

Bellik

Agyr şikese ýa-da ölüme eltip biljek potensial howpy aňladýar.

Ujypsyz şikese ýa-da enjama zeper ýetmegine eltip biljek howpy aňladýar.

Bu bellikler görkezilen amaly ýerine ýetirmeli däldigi barada operatora duýduryş bermek üçin ulanylýar.Bu bellikler enjamy howpsuz ulanmagy üpjün etmek üçin görkezilen amala hökmany suratda aýratyn üns berilmelidigi barada operatora duýduryş bermek üçin ulanylýar.

DUÝDURYŞ

ÄGÄ BOLUŇ

Bu esbaplar gurlansoň tehniki hyzmat boýunça ökde hünärli hünärmen howpsuzlyk barlagyny geçirmeli.

Gurluş gurlan wagty set şnuruny hökman aýyrmaly. Bu talaby berjaý etmezlik elektrik togunyň urmagyna ýa-da şikes ýetmegine getirip biler.

Gurmak üçin diňe görkezilen bölekleri ulanyň. Bu talaby berjaý etmezlik ot almagyna, elektrik togunyň urmagyna ýa-da şikes ýetmegine getirip biler.

Ulanmak boýunça instruksiýanyň, şeýle hem gurluşuň korpusyndaky, çarçuwasyndaky we aýratyn böleklerdäki birkalaryň mazmuny bilen hökman tanyşyň.

Gurluşy modifisirlemäň we onuň böleklerini üýtgetmäň. Modifisirlenen gurluşy gurmaklyk ot almagyna, elektrik togunyň urmagyna ýa-da şikes ýetmegine getirip biler.

Bu gurluşy gurmak, göçürmek we utilizirlemek işlerini diňe tehniki hyzmat boýunça ökde hünärli hünärmenler ýerine ýetirmelidir.

DUÝDURYŞ

Page 37: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

37Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Gurnaw gollanmasy

4

Elektron tagtany guranyňyzdan ýa-da göçüreniňizden soň, rolikleri blokirläň we berk durmagy üçin açylýan aýajyklary gurnaň.

Eger gurluşy diwardan asmaly bolsa, diwaryň iň bolmanda aşakda görkezilen agramy saklamaga ukyplydygyna göz ýetiriň.

1373 H (140 kgg)

Elektron tagtany armirlenip suwalan diwara gurmaň. Diwara berkidiş plastinalarynyň boltlaryndan suwagyň aşagyndaky metal ýa-da sim setka tötänden tok geçmegi gyzmaklyga, tüsselemeklige we ýanmaklyga eltip biler.

Eger gurluş diwara gurnalýan bolsa, gurluşyň wintleriniň diwara berkidiş plastinasyna pugta berkidilendigine we berkidiş plastinasynyň gurluşy özüne berk çekýändigine göz ýetiriň.

Elektrik togy urmaz ýa-da şikes ýetmez ýaly hökman ellik geýiň.

ÄGÄ BOLUŇ

Rolikleri blokirlemek (Şu tarapa basyň)(Blokirlemek üçin basyň)

Page 38: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

38 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Gurnaw gollanmasy

Bilelikde berilýän esbaplarelite Panaboard tagtasynyň aşakdaky esbaplar bilen üpjün edilendigine göz ýetiriň.

№ Bölegiň ady Şekil Sany Bellik

Set şnury(3 m)

1

Suratda ABŞ üçin niýetlenilen set şnury görkezilýär. Wilkanyň formasy ýurda/sebite baglydyr.

USB kabeli(5 m)

1 Kompýutere birikdirmek üçin

Kompakt-disk 1

Ulanmak boýunça instruksiýa (Programma üpjünçiligi)DraýwerlerAmaly programma üpjünçiligi

Kabel saklaýjy 1 Set şnury üçin

Diwara berkidiş plastinasy (çep)

1 —

Diwara berkidiş plastinasy (sag)

1 —

Batereýa (aşgarly batereýa LR03, görnüşi “AAA”)

1 Elektron ruçka üçin

Elektron ruçka 1 —

Elektron ruçkanyň ujy(çalşyrylýan)

2 Elektron ruçka üçin

Kabel berkidiji 1Diwara dakylanda set şnuruny berkitmek üçin ulanylýan esbap

Page 39: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

39Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Bellik• Diwara gurnamak üçin nurbatlar (8 sany) bile berilmeýär. Diwaryň görnüşine laýyklykda M6 ölçegli

nurbat satyn alyň (sah. 43).

Ulanmak boýunça instruksiýa 1

Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) (gurnaw gollanmasyny öz içine alýar)

Kepillik 1

Käbir ýurtlarda/sebitlerde üpjün edilýän komplekte degişli bolman biler.

№ Bölegiň ady Şekil Sany Bellik

Page 40: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

40 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Diwara gurmak

Diwary barlamakelite Panaboard tagtasyny diwara guran wagtyňyz diwaryň ýeterlik derejede berkdigi barada binanyň eýesi, tehnik ýa-da gurujy ussa bilen maslahatlaşyň. Howpsuzlygy maksady bilen elite Panaboard tagtasyny diňe diwaryň görnüşi anyk kesgitlenip, degişli nurbatlar we gurmak usullary saýlanyp alnansoň gurmaly (sah. 43).

ÄGÄ BOLUŇElektron tagtany armirlenip suwalan diwara gurmaň. Diwara berkidiş plastinalarynyň boltlaryndan suwagyň aşagyndaky metal ýa-da sim setka tötänden tok geçmegi gyzmaklyga, tüsselemeklige we ýanmaklyga eltip biler.

I. Zerur gurallar we bölekler (elite Panaboard tagtasynyň üpjün edilýän komplektine girmeýär)Drel, otwýortka, ruletka, dereje ölçeýji8 nurbat (ölçegi M6)

II. Gurmaklyk başlamanka1. Diwaryň ýeterlik derejede berkdigine we elite Panaboard tagtasyny saklajakdygyna göz

ýetiriň.Hasaplanan berkligi: iň bolmanda 1373 H (140 kgg)

Bellik• Gerek bolan ýagdaýynda diwary elite Panaboard tagtasyny saklar ýaly edip berkidiň.

2. elite Panaboard tagtasyny ýerleşdirer ýaly ýeterlik boş ýeriň bardygyna göz ýetiriň.Beýikligi: iň bolmanda 2100 mmIni: iň bolmanda 2000 mm

3. Üýtgeýän toguň rozetkasynyň elite Panaboard tagtasynyň gurulýan ýerinden iň bolmanda 3 m aradaşlykda ýerleşýändigine we elite Panaboard tagtasynyň arkasyna düşmeýändigine göz ýetiriň.

Page 41: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

41Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Diwara berkidiş plastinalaryny oturtmak1. Diwaryň ýeterlik derejede berkdigine we elite Panaboard tagtasyny saklajakdygyna göz ýetiriň.

Hasaplanan berkligi: iň bolmanda 1373 H (140 kgg)2. Ruletka we dereje ölçeýji ulanyp, nurbatlary towlar ýaly 8 sany ýere bellik ediň.

UB-T781

UB-T781W

469,5 mm 813 mm

725 mm

222,5 mm

40 mm

982 mm

44 mm

30 mm

543 mm 813 mm

30 mm

222,5 mm

40 mm

982 mm

44 mm

725 mm

Page 42: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

42 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

UB-T761

Bellik• Suratlardaky punktirli çyzyklar elite Panaboard tagtasynyň daşky gyralaryny alamatlandyrýar.

3. Diwara berkidiş plastinalary üçin 8 sany deşik burawlaň.• Deşikleriň diametri ulanylýan nurbatlaryň ölçegine laýyk bolmalydyr.

4. 4 sany nurbat bilen diwara berkidiş plastinalaryny dakyň.• Her diwara berkidiş plastinasy üçin 2 sany nurbat ulanylýar.

Galan 4 nurbat elite Panaboard tagtasy diwara gurlansoň ulanylýar.

• Nurbatlar (8 sany) elite Panaboard tagtasynyň üpjün edilýän komplektine girmeýär. Diwaryň görnüşine laýyklykda M6 ölçegli nurbat satyn alyň.

• Boltlary gowşamaz ýaly edip çekdiriň.• Deşik deşilende we diwara berkidiş plastinalary dakylanda “Diwaryň görnüşleri we gurmagyň

proseduralary” bölüminde düşündirilýän işleri ýerine ýetiriň (sah. 43).5. elite Panaboard tagtasyny diwara guruň.

Ser. “Tagtany gurnamak elite Panaboard” (Diwara gurmak üçin → sah. 50).

469,5 mm 550 mm

462 mm

222,5 mm

40 mm

784 mm

44 mm30 mm

40 mm

UB-T781/UB-T781W: 982 mm

UB-T761: 784 mm

44 mm

30 mm

UB-T781/UB-T781W: 813 mmUB-T761: 550 mm

Page 43: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

43Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Diwaryň görnüşleri we gurmagyň proseduralaryDiwara berkidiş plastinalaryny diwara dakmagyň usullary diwarlaryň gurluşyna görä dürli-dürli bolýar.Aşakda mümkin bolan üç sany wariant berilýär.Diwara baglylykda başgaça usullaryň hem gerek bolmagy mümkin.

Metal ýa-da beton diwarlarDýubel gerek (üpjün edilýän komplekte girmeýär).

Uçly buraw

Metal ýa-da beton diwar

Dýubeli deşige salyň.

Dýubel

Diwara berkidiş plastinasy

Diwarda sekiz sany deşik burawlaň. Deşikleriň gerekli ölçegi üçin ser. takyk dýubelleri ulanmak boýunça instruksiýalar.

Diwara berkidiş plastinasynyň deşigine nurbaty salyň we plastinany diwara pugta berkitmek üçin ony ykjam çekdiriň.

Bolt

Page 44: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

44 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Suwalan diwarBöwsüji probkalar gerek (üpjün edilýän komplekte girmeýär).

Agaç diwarlar Agaç üçin burma çüýler gerek (üpjün edilýän komplekte girmeýär).

Suwag

Böwsüji probka

Böwsüjiler

Diwara berkidiş plastinasy

Böwsüjileri salanyňyzdan soň, böwsüjiler diwara berkidilýänça diwara berkleýji plastinany çekiň.

Berkidiş plastinasynyň diwara pugta berkidilmegini üpjün etmek üçin nurbaty çekdiriň.

Bolt

Böwsüjiler kese ýagdaýda durar ýaly, bolty diwara berkidiş plastinasynyň deşigine we diwardaky deşige salyň.Deşikleriň gerekli ölçegi üçin ser. takyk böwsüji probkalary ulanmak boýunça instruksiýalar.

Böwsüjiler

Diwara berkidiş plastinasy

Burma çüý

Agaç diwar

Diwara berkidiş plastinasynyň deşigine burma çüýi salyň we plastinany diwara pugta berkitmek üçin ony ykjam çekdiriň. Deşikleriň gerekli ölçegi üçin ser. takyk burma çüýleri ulanmak boýunça instruksiýalar.

Page 45: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

45Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Söýgetleri gurnama (aýratyn satylýar)

Üpjün edilýän böleklerSöýgetleriniň üpjün edilýän komplektine (KX-B061) aşakdaky bölekleriň girýändigine göz ýetiriň.

*1 elite Panaboard tagtasyny söýgede berkitmek üçin gulakly nurbatlary ( ) ulanyň.*2 ( ) nurbatyny çekdirmek we gowşatmak üçin bile berilýän açar gerek, şonuň üçin ony elýeterde saklaň.

№ Bölegiň ady Şekil Sany

Söýgediň düýbi 2

Direg 2

Kese ştanga (A) 2

Kese ştanga (B) 1

Nurbat (M6 × 45 mm) 10

Gulakly nurbat (M5 × 12 mm)*1 2

Direg gysajy 2

Berk durmagy üçin epilýän aýajyklar 4

Nurbat (M6 × 60 mm) 4

Gaýka 4

Açar*2 1

Şaýba 10

Page 46: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

46 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

ÄGÄ BOLUŇGurnamankaňyz rolikleri hökman blokirläň.

Gurnamak boýunça instruksiýalar1. Berk durmagy üçin epilýän aýajyklary gurnaň.

Rolikleri blokirlemek(şu tarapa basyň)

Page 47: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

47Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

2. Söýgedi gurnaň.

Bellik• Nurbatlary çakdanaşa gaty çekdirmäň ( ). (Ol diregleri gyşardyp biler.)• Söýgedi gurnanyňyzda blokirleýji rolikler arka tarapa düşmelidir.

Deşikler öň tarapa düşer ýaly edip gurnaň.

Rolikleri blokirlemek (arka tarapdan görnüşi)

ARKA TARAPDAN GÖRNÜŞI

Rolikleri blokirlemek (arka tarapdan görnüşi)ÖŇ TARAPDAN

GÖRNÜŞI

Page 48: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

48 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

3. Berk durmagy üçin epilýän aýajyklary ýaýradyň.

Bellik• Berk durmagy üçin epilýän aýajyklary aýryp, aşakda ( , ) görkezilişi ýaly gowşadyň.

4. elite Panaboard tagtasyny guruň.Ser. “Tagtany gurnamak elite Panaboard” (Söýgede gurmak üçin (aýratyn satylýar) → sah. 53).

2

1

1

12

Page 49: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

49Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Gurnamak boýunça instruksiýalarelite Panaboard tagtasyny gabyndan çykarmaga taýýarlyk

Gutyny aGutyny açyp, esbaply gutyny we gaplama köpügini çykaryň we elite Panaboard tagtasynyň plastmassadan edilen listini açyň.

Bellik• Ekrany çykaryp, ony ýüzünden däl-de, çarçuwasynyň gyrasyndan tutuň.

(Ekranyň ýüzünden tutup, oňa zeper ýetirip bilersiňiz.)• Gaplaýyş gutusyndan çykan gaplaýyş materiallary soň ýene gaplamak üçin gerek bolup biler, şonuň

üçinem ony ýygnap goýuň.

Bellik• Käbir ýurtlarda/sebitlerde kepillik berilmän biler.

Gaplaýyş gutusy

Elektron tagta

Gaplaýyş gutusy

[[Esbaply gutynyň içindäki zatlar]

• Set şnury .................................. 1• USB kabeli................................ 1• Kompakt-disk............................ 1• Kabel saklaýjy .......................... 1• Diwara berkidiş plastinasy

(sag, çep) .......................1 (her biri)• Batareýa ................................... 1• Elektron ruçka .......................... 1• Elektron ruçkanyň ujy ............... 2• Kabel berkidiji ........................... 1• Ulanmak boýunça instruksiýa .... 1• Kepillik ..................................... 1

Page 50: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

50 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Tagtany gurnamak elite PanaboardDiwara gurmak üçin1. Set şnuruny kabel berkidiji bilen gaty

çekdirmäň we set şnuruny üýtgeýän toguň rozetkasyna dakyň.• Diwara gurmankaňyz elite Panaboard tagtasyna

set şnuruny birikdiriň.

2. Kabel berkidijiniň deşigindäki kabel berkidijiniň ujuny tok dolandyryşyň arka gapagynyň yzyna dakyň.

3. Kabel berkidijiniň boş ujuny çekdiriň we set rozetkasynyň ýerleşişine görä set şnuruny dakyň (aşakdaky suratlarda görkezilişi ýaly).• Set şnury aşaky bölekden birikdirilende.

• Set şnury elite Panaboard tagtasynyň aşak tarapyndan uzaboýuna birikdirilende.

1

2

Set şnury

Set şnuruny kabel berkidiji bilen berkidiň

Set şnuruny kabel berkidiji bilen berkidiň

Page 51: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

51Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Gurnaw gollanmasy

4

4. Berkidiş platasyna berkidilen berkidiş gapagyndan ( ) nurbaty ( ) aýryň we berkidiş gapagyny aşak süýşüriň.Berkidiş gapagy bilen berkidiş platasynyň nurbatynyň ( ) deşiginiň gabat gelýändigine göz ýetiriň.

Berkidiş gapagynyň ( ) nurbatlaryny towlap aýryň we aşak sag tarapdaky suratda görkezilişi ýaly berkidiş gapagyny aşak süýşürip, olary çekdiriň.

5. Nurbat golowkalaryny ulanyp, elite Panaboard tagtasyny diwara berkidiş plastinalaryndan asyň.

6. Çarçuwanyň aşaky gapagyndan 4 sany nurbady towlap çykaryň (öň tarapdan).

7. Çarçuwanyň aşaky gapagynyň aşaky bölegini (öň tarapdan) galdyryp, ony aýryň.

Bellik• Esasy blok we çarçuwanyň aşaky

gapagyndaky (öň tarap) USB gürleýjileri kabel bilen birikdirilýär. Seresap hereket ediň we razýomlara zeper ýetirmejek boluň.

Page 52: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

52 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

8. Ses platasyndan 2 sany razýomy aýryň ( ).

9. Diwara berkidiň.Diwara berkidiş platasynyň aşaky bölegini pugta berkidiň.

10. USB gürleýjisiniň 2 sany razýomyny ses platasyna birikdiriň ( ).

11. Çarçuwanyň aşaky gapagyny berkidiň (öň tarapdan).Çarçuwanyň aşaky gapagyny (öň tarapdan) elite Panaboard tagtasyna berkidiň we gapagy esasy bloga gyradeň durar ýaly edip, 4 sany nurbatyň kömegi bilen çekdiriň.

Bellik• Diwara guran wagtyňyz elite Panaboard

tagtasyny urgulardan we sarsgynlardan aýap saklaň.

• Çalaja bat bilen basyp, gurlansoň elite Panaboard tagtasynyň diwara berkidilişiniň pugtalygyny barlaň.

Bellik• Gurmaklyk gutaransoň set şnuruny we USB

kabelini kabel saklaýjy bilen berkidiň.

44

Page 53: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

53Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Gurnaw gollanmasy

4

12. Ekranyň ýüzüni süpüriň.Ekranyň ýüzüni ýumşak, öl mata bilen seresaply bolup süpüriň.

Bellik• Arassalamak üçin suwaldyjy, benzol ýa-da

abraziw himikatlar ulanmaň.(Reňkini soldurmagy mümkin.)

• Ekranyň ýüzüni gury mata bilen süpürmäň. (Bu statiki elektrigiň ýygnalmagyna eltip biler.)

13. elite Panaboard tagtasynyň işe ukyplylygyny barlaň.Ser. “elite Panaboard tagtasynyň işleýşini barlamak” (sah. 56).

Söýgede gurmak üçin (aýratyn satylýar)1. Set şnuruny birikdiriň.

• Söýgede gurmankaňyz elite Panaboard tagtasyna set şnuruny birikdiriň.

2. Aşakdaky suratda görkezilişi ýaly, set rozetkasynyň ýerleşişine baglylykda set şnuruny dakyň.• Set şnury aşaky bölekden birikdirilende.

Set şnury

Page 54: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

54 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

• Set şnury elite Panaboard tagtasynyň aşak tarapyndan uzaboýuna birikdirilende.

3. Nurbat golowkalaryny ulanyp, elite Panaboard tagtasyny söýgetden asyň.

4. elite Panaboard tagtasyny gulakly nurbatlar bilen söýgediň çarçuwasyna berkidiň (M5 × 12 mm [2 sany]), söýgediň üpjün edilýän komplektine girýär.

Bellik• Gurmaklyk gutaransoň set şnuruny we USB

kabelini kabel saklaýjy bilen berkidiň.• elite Panaboard tagtasy söýgede gurlanda

onuň beýikligini 4 sany dürli derejä sazlap bolýar. Beýikligi üýtgedeniňizde, elite Panaboard tagtasynyň arka böleginden çep we sag tarapdaky nurbatlary aýryň we olary gerekli beýiklige pugta towlaň. Aýlanyş momenti (iň bolmanda 1 H·m [10 kgg·sm]).

elite Panaboard tagtasynyň beýikligi Nurbatyň ýagdaýy

-100 mm Iň ýokarda

Standart Ýokarydan 2-nji

+100 mm Aşakdan 2-nji

+200 mm Iň aşakda

Page 55: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

55Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Gurnaw gollanmasy

4

5. Ekranyň ýüzüni süpüriň.Ekranyň ýüzüni ýumşak, öl mata bilen seresaply bolup süpüriň.

Bellik• Arassalamak üçin suwaldyjy, benzol ýa-da

abraziw himikatlar ulanmaň.(Reňkini soldurmagy mümkin.)

• Ekranyň ýüzüni gury mata bilen süpürmäň. (Bu statiki elektrigiň ýygnalmagyna eltip biler.)

6. elite Panaboard tagtasynyň işe ukyplylygyny barlaň.Ser. “elite Panaboard tagtasynyň işleýşini barlamak” (sah. 56).

Page 56: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

56 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

elite Panaboard tagtasynyň işleýşini barlamakelite Panaboard tagtasy gurnalansoň, aşakdaky işleri ýerine ýetirip, onuň işleýşiniň dogrudygyny barlaň.

Interaktiw mümkinçilikleri barlamak1. “elite Panaboard software gurmak” (sah. 21) bölüminiň instruksiýalaryna eýerip, programmany

guruň we bile berilýän USB kabelini birikdiriň.2. Interaktiw funksiýalaryň işleýşiniň dogrudygyny barlaň.

• Eger proýektor ýok bolsa, diňe elite Panaboard tagtasy bilen kompýuteri ulanyp, işleýşiň dogrudygyny barlaň.

• elite Panaboard software işläp başlansoň, kompýuteriň ekranynda kalibrleme ekrany görkeziler.• Aşakdaky suratda görkezilişi ýaly, elite Panaboard tagtasynda 5 sany nokada elektron ruçka bilen

basyp, synag kalibrlemesini ýerine ýetiriň. Has takyk sazlamak üçin proýektory ulanmak zerurdyr.

• elite Panaboard software ýerine ýetirilýän wagty ak fon režimine geçiň we marker guralyny saýlaň. Elektron ruçka bilen ekranyň ýüzüne islendik ýazgyny ýazyp, işleýşiniň dogrudygyny barlaň we kompýuteriň ekranyna ýazylýan zatlaryň görkezilýändigine göz ýetiriň. (Ekranyň öz ýüzüne elektron ruçka bilen ýazylan zatlar görkezilmeýär.)

IşBarlanylmaly zat

Funksiýa Çäreler

1 Elektrik toguny açyň.

Ýaşyl yşyk-diodly indikator ýanýar. (Kadaly işleýiş)

Ýaşyl yşyk-diodly indikator ýanmaýar ýa-da gyzyl indikator ýanyp-sönýär.

Set şnuruny barlaň.Ser. “Tagtany gurnamak elite Panaboard” bölüminde Ädim 1.• Diwara gurmak üçin → sah. 50• Söýgede gurmak üçin (aýratyn satylýar) → sah. 53

1

34

5

2

Takmynan 100 mm

Takmynan 100 mm

Page 57: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

57Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Täzeden gaplamakelite Panaboard tagtasyny gaplamak üçin “Tagtany gurnamak elite Panaboard” bölüminde. (Diwara gurmak üçin → sah. 50. Söýgede gurmak üçin (aýratyn satylýar) → sah. 53) düşündirilýän ädimleri tersligine ýerine ýetiriň. Gurluşy “elite Panaboard tagtasyny gabyndan çykarmaga taýýarlyk” (sah. 49) bölümindäki surata laýyklykda gaplaň.

Bellik• Ekrany çykaryp, ony ýüzünden däl-de, çarçuwasyndan tutuň. (Ekranyň ýüzünden tutup, oňa zeper

ýetirip bilersiňiz.)

Page 58: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Gurnaw gollanmasy

58 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Komplektiň gurmak gerek däl berkidişi (aýratyn satylýar)

Komplektiň gurmak gerek däl berkidişi1. Çarçuwanyň aşaky gapagyndan 4 sany

nurbady towlap çykaryň (öň tarapdan).

2. Çarçuwanyň aşaky gapagynyň aşaky bölegini (öň tarapdan) galdyryp, ony aýryň.

Bellik• Esasy blok we çarçuwanyň aşaky

gapagyndaky (öň tarap) USB gürleýjileri kabel bilen birikdirilýär. Seresap hereket ediň we razýomlara zeper ýetirmejek boluň.

3. Ses platasyndan 2 sany razýomy aýryň ( ).

4. 4 sany nurbaty towlap açyň we tok dolandyryşynyň öňdäki gapagyny aýryň.

Page 59: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

59Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Gurnaw gollanmasy

4

5. Fiksatordan gara kabel bilen ak kabeli aýryň ( ).

6. 7 sany nurbaty towlap açyň we PCB konsentratorynyň gorag listini aýryň.

7. Gurmak gerek däl komplekti esasy bloga aşakda görkezilişi ýaly edip berkidiň.

8. PCB konsentratorynyň gorag listini 7 sany nurbat bilen esasy bloga berkidiň we fiksatoryň kömegi bilen gara kabeli we ak kabeli başlangyç ýagdaýda berkidiň.

9. Tok dolandyryşynyň gapagyny (öň tarapda) 4 sany nurbat bilen esasy bloga berkidiň.

10. USB gürleýjileriň razýomlaryny ses platasyna berkidiň, soňra bolsa çarçuwanyň aşaky gapagyny (öň tarapda) esasy bloga berkidiň.

11. Çarçuwanyň aşaky gapagyny (öň tarapda) 4 sany nurbat bilen berkidiň.

Page 60: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Duýduryş

60 Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

Duýduryş

Page 61: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

Duýduryş

61Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar)

4

Page 62: Ulanmak boýunça instruksiýa - Panasonic · 2011. 5. 11. · Giriş Ulanmak boýunça instruksiýa (esasy funksiýalar) 3 4 Biznes üçin • Öz önümleriňiziň häsiýetnamalaryny

© Panasonic System Networks Co., Ltd. 2009 KK0109MS1119

1731(For EU only)

Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlar üçin galyndylara çemeleşmek boýunça maglumat

Şu simwollaryň hereketi diňe Ýewropa Bileleşigini öz içine alýar.Eger şu önümi zyňmakçy bolsaňyz, şunuň ýaly galyndyny näme etmelidigini ýerli häkimiýet organlaryndan ýa-da dilerden sorap biliň.