T E H N O L O G I Ý A H A B A R L A R Y
Line accaind- @mbt1067a
H A B A R L A R B A R A D A
TEHNOLOGIÝA HABARLARY BU ISLENDIK OKAÝJYLARA MÄLIM
ETMEKDIR. BU HABARLARDA DIŇE KOMPÝUTER WE TELEFON
ENJAMLAR BARADA DÄLDE EÝSEM ESASY GURLUŞYK ENJAMLAR
BARADA ÖWRENMEK ÜÇIN SIZE ÝOLLANYLÝAR.
https://wap.ertir.com/index.php?q=users&uid=43182
- B A T Y R G A Y - - @Batyrgay ertir.com saytynda agza bolup,
siziň hemmäňize täze tehnologiýa habarlary
ýollap şu mart, aprel we maý aýlarynda
ýazylan gerekli mowzuklary size ýollaýaryn.
Okaň we öwreniň.
[email protected] +993 68 68 54 24
Line accaund:
@mbt1067a
Arslan Garyagdyyev
Tehnologiýa habarlary ertir.com-dan esasy
we gerekli mowzuklarda alynan.
Mowzuklaryň awtorlarynyň adyna çenli
ýazylandyr.
HOŞ GELDIŇIZ!
2
© R O O T H U K U G Y N Ä M E ? ? ? @ E N K A
Root diýilýän zat näme we näme üçin gerek?Root Android diýilýän zat näme?Ony näme üçin telefonlaryna ýazdyraslary gelýär?Androidda ol nämä gerek?Root Android näme zat? Root ýa-da ýene Superuser diýip atlandyrylýan zat Android OS(sistemasynyň)funksiýalaryny(mümkinçiliklerini) köpeltmek üçindir.Bu rootyň gelip çykyşy:Unix sistemalardaky ýaly Android hem esasan wideo açmak,aýdym açmak,dokumentleri redaktirlemek üçin.Olar sistemaň zatlaryna degip bilmeýärler.Olar ýaly mümkinçilikleri diňe Administratorlar edip bilýär.Umuman alanymyzda telefondaAdministrator hukuklaryny açmak diýmekdir.Root hukugy nämeler berýär?* Telefonyň proşiwkasyny doňdurmak we täzeden yzyna almak.* Prilozheniýalardan reklamary aýyrmak* Wifilaryň köp bölegini döwmek* Sistemnyý prilozheniýalary pozmak* Androidyň widini tanalmaza derejesine çenli üýtgetmek* Batareýiniň haýal gutarmasyna täsir edýär* Telefony çaltlandyrýar* Prosessory çaltlandyryp ýa-da haýalladyp bolýar* Aftomat prilozheniýalary gurlan wagtynda açylar ýaly edip hem bolýar.* Grafiçeskiý klýujy hem açyp bolýar* Öziňçe proşiwka döredip bolýar we başgada bir giden peýdaly mümkinçilikler açyp bolýar.Root hukugynyň erbet taraplary:* internet üstü telefony abnawleniýa edip bolanok ine bar bolany.!!! Ýöne root edip duran mahalyň komp öçäýse telefonyňyz kerpiçe öwürläýmegi ähtimal.Käbir telefonlar rooda garşy gorag hem goýýarlar.
Mysal üçin: Sony,HTc,Huwaei,Nexus,LG,Xiaomi,Motorola.Rootyň görnüşleri:Full Root(doly root) Bu rootyň görnüşinde telefony öçürip ýaksaňyz hem root öçmeýär we sistemany üýtgedip bilýäňizShell Root(Goragly root) Bu root görnüşi hakyky root ýaly emma sistema degip bolmaýar.Temporary Root (Wagtlaýyn root) Bu root telefony öçürip ýakan badyňyza gidýär.
© N A N O T E H N O L O G I Ý A N Ä M E ? @ K I B E R T M
Durmuşymyzyň nanotehnologiýalary
Haçanam bolsa bir millimetrden inçe galyňlykda monitor görüpmidiňiz? A
ýanmaýan we öl bolmaýan kagyzy? Ýa-da hapalanmaýan eşigi? Bu bolmajak zat
däl! Bularyň hemmesi gaty uzakda bolmadyk geljegimizde garaşýar. Tehnologiýa
- bu nämedir bir zady öndürmegiň usulydygyny hemmämiz bilýäris. Ýöne,
öňündäki goşulýan goşulmanyň, ýagny «nano» nämäni aňladýar? - bir obýektiň
milliarddan bir bölegi. Bir nanometr – metrdäki milliardyň bir bölegi. Şolar ýaly
ölçegdäki bir obýekti göz öňümize getirmäge synanyşalyň. Nanometr bir metrden
şeýle bir kiçi, takmynan bir hozyň ýer şaryndan kiçi boluşy ýalydyr. Uly
molekulanyň ölçeginde birnäçe nanometr bar, meselem, beloklar. Atomlar we
3
adaty molekulalar kiçi, olar nanometriň ondan bir bölegi bilen ölçenilýär. - bir
obýektiň nanoölçegini döretmäge mümkinçilik berýän usullaryň ýygyndysy (1'den
100'e çenli nm). Bular ýaly
obýektlerde aýratyn alamatlar
bolýar. Ylymyň täze
üstünliklerine edil şular ýaly
nanomateriallaryň
alamatlaryny ulanmak arkaly
ýetmäge mümkinçilik berýär.
Eýýämden nanotehnologiýalar
dünýä ylymynda geljegi bar
bolan we maliýeleşdirilýän ugur bolup durýar.
Nanotehnologiýalar nämä ukyply.Ynha, häzirlikçe birnäçe pudaklarda
nanothnologiýalardan garaşylýan üýtgeşik açyşlar:
• MEDISINA
Nanosensor'lar keseli ir anyklamagy üpjün eder. Bu sagdyn galmak
mümkinçiligini döredýär. Biz rak (howply çiş) we başga keselleri ýeňeris. Howply
çişlere garşy dermanlar diňe bir keselli öýjükleri däl-de eýsem sagdyn öýjükleri-
de ýok etdi. Nanotehnologiýalaryň üsti bilen dermanlar gönüden-göni keselli
öýjüklere eltiler.
• GURLUŞYK
Nanodatçikler gurluşyk konstruksiýalaryň berkligine sereder, tutuşlygyň
islendik howply ýagdaýyny tapar. Nanotehnologiýa arkaly gurulan binalar bize
häzirki döwrebap binalardan bäş esse uzak hyzmat eder. Öýler ýaşaýjylaryň
zerurlygyna görä sazlanar, tomusda salkynlyk, gyşda ýylylygy üpjün eder.
• ENERGETIKA
Nebite we gaza baglylygymyz peseler. Döwrebap gün batareýalarynyň PGG
(Peýdaly Güçjüniň Görkezijisi) takmynan 20%. Nanotehnologiýalary ulanmak
bilen PGG 2-3 esse ulalyp biler. (Eger-de Gün şöhlesi ýeterlik bolsa) jaýyň
üçegindäki we diwarlaryndaky inçe nanoýorkalar (нанопленка) tutuş jaýy
energiýa bilen üpjün edip biler.
• MAŞYN GURLUŞYK
Hemme äpet tehnikalaryň deregine aňsat dolandyryp bolýan enjam, robotlar
bilen çalyşylar. Olar atomlar we molekulalar derejesinde islendik mehanizmi
döredip bilerler. Ulag öndürmek üçin energiýany tygşytlamaga, bölek şaýlary
zeperden goramaga, sürtülmäni peseltmäge ukyply täze nanomateriallar
ulanylar.
Elbetde bu nanotehnologiýalaryň ulanyljak pudaklarynyň hemmesi däl.
Alymlaryň hasaplamagyna görä, nanotehnologiýalaryň ýüze çykmagy bilen
eýýäm ХХI asyrda dünýämizi üýtgetjek Ylmy-tehniki rewolýusiýanyň başlangyjy
4
bolar. Elbetde, nanotehnologiýalaryň durmuşymyza hakykatdan-da ornaşmagy o
diýen tiz däldigini göz öňümizde tutmaly. Hemme enjam (esasan-da elektronika)
"nano" bilen işlemeýär. Munuň sebäbi nanotehnologiýalaryň gymmat bahalary
bilen düşündirip bolýar.
© I L K I N J I U C Y A N A W T O M O B I L . @ H . H O J A N Y Z A
Gollandiyanyn "PAL-V" kompaniyasy "Liberty-Pioneer" hem-de "Liberty-
Sport" ucyan ulaglary ucin sargyt kabul edip baslady. Sereket bu gornusli
ulaglarynyn onumciligine gin gerimde girismegi goz onunde tutyar. Hazirki zaman
tehnologiyasynyn sonky gazananlarynyn netijesinde, ondurilyan bu ulaglaryn
bahasy 400 mun dollardan baslanyar. Ucyan awtoulaglaryn eyelerinin bolsa,
ucarmanyn sahadatnamasyna eye bolmagy zerur.
Kompaniyanyn bu ulaglarynyn iki gornusi hem 2 orunlyk bolup, onda iki
hereketlendiriji bar. Olaryn biri yolda surmek ucin ulanylsa, beylekisi ucmak ucin
niyetlenilendir.
Ulagyn ucmagy ucin 200 metrlik
meydanca we yene-de asmanda 200
metr erkin ginislik zerur. Ulaglaryn
ucus uzaklygy 500 kilometre
denecer bolup, ucus belentligi 3,5
kilometre cenli baryp yetyar. Ol yol
we howa hereketinin duzgunleri
esasynda tayyarlanyldy.
Gollandiyanyn bu ulaglary hem
yerde, hem-de howada sagatda 180
kilometr tizlikde hereket etmek mumkunciligine eyedir. Yone ucus dowrunde has
kop yangyc sarp edilyar. Ucyan ulagyn agramy 680 kilograma barabar bolup,
ucus dowrunde yene-de 230 kilograma cenli yuk gotermage mumkunciligi bar.
"Ucyan gollandiyaly" taslamasynyn esaslandyrylan yyly 2008-nji yyla baryp
yetyar. Ony Gollandiyanyn Milli aerokosmos labaratoriyasy hem-de Delft
uniwersiteti bilelikde tayyarlady. Sol dowurde ucyan enjamyn ilkinji gornusi
gorkezilipdi. Yone sol yyllarda enjamyn ucusy amala asyrmagynyn
mumkunciliginin ustunde islenilyardi.
2012-nji yylda ol ucus synagyndan gecirildi. Ilkibasda kompaniyanyn
taslamasyny hususy mayadarlar maliyelesdiryardi. Sonra yurdun Ykdysadyyet
ministrliginden karz mumkunciligi doredildi. Hazir taslamany yurdun 3 ministrligi
goldayar.
Onumizdaki 2 yylyn dowamynda seyle ulaglaryn onumciligine girismek goz
onunde tutulyar. Ol ulag ulgamyndaky hakyky owrulisigin baslangyjy bolar.
Bilermenlerin bellemegine gora, seyle ulaglaryn ilkinji musderileeinin polisiya we
harby-hukuk hem-de lukmancylyk edaralarynyn boljakdygy aydyar.
5
© Ý A N P R I N T E R L E R I H E M M Ä P E Ý D A L Y B O L A R . @ M E N _ K Ö R P E J E
Düwrümiziñ gülläp ösýän , ýaşaýşymyzyñ iñ esasy harajatlary bolan häzirki
zaman tehnalogiýasy her kimi gyzyklandyrýan bolsa gerek . Biziñ köpümiz
wagtymyzyñ azlygyndan ýa-da telefonlarda bellän belliklermiziñ kä wagt
pozulýandygyndan zeýrenýäris . Şeýle ýagdaýlaryñ öñüni almaga ýan
pirinterlerniñ kömegi has uly bolup biler. Ýan printerleri näme? Printeriñ
namedigini eýýäm bilýäñiz, bu ýerde "ýan "sözi gysgaça ýanyñda göterilýän
diýmek. Ol ölçegi boýunça(boýy -ini 20-10 sm, galyñlygy 8 sm) ýanyñda
götermäge oñaýly bolup onyñ beýleki printerlerden aşakdaky hyzmatlary bilen
tapawutlanýar.
1. printer täze karopkadan açylanda haýsydyr bir kod bilen gelýär. kody
telefonymyza ýazyp printeri simsiz dolandyrar ýaly telefonlarmyzda ýa-da
nobutbuklarda aýratyn programma açyp bileris.
2. Printeriñ ýady(10 ggbaýt ). Printer çap edýän mahaly awtomatik ýagdaýda her
sahyp:a sahypà sanyny goýar we printer ony ýat tutar. Ýagny her belligiñ birinji
sözlemini ýat tutar. Bu bolsa belligmizi haýsy kitapçada-ka diýip wagt gidermän
programma arkaly printeriñ ýadyndan çalt tapmaga mümkinçiligni berer.
3. Printeriñ 4 sany ammary bolup 1-nji syýa ammary, 2-nji arassa sahypalar
ammary (ol çap edijiniñ aşagynda ýerleşip, çap etme buýrulan ýagdaýynda
awtomatik ýokary galdyrylyar
ýagny çapa berer). 3-nji
ýazylan sahypalar ammary (ol
printeriñ aşak tarapnda
ýerleşip, öýde däl wagtymyz
bellikleri ygtybarly ýerde
saklamaga mümkinçilik berer).
4 nji çip (ÝUSB) ammary.
(ammarda 10 sany çipe ýer
bolup , printeriñ ýadyndaky
bellikleri çiplere göçürip bileris
we ony mydama ýanymyzda
saklamaga we ulanmaga
mümkinçilik berer).
Bularyñ ählisi printeriñ
programmasy arkaly
dolandyrylýar. Olardan başga-da programma arkaly şirifitleriñ ölçeglerni
üýtgetmek, sahypa belgilerni belgikemek buýruklarny ýerne ýetirip bolar.
Bellik : Bu printer diñe meñ hyýalymda döredi. Belki bardyr şeýle printerler.
belki ýokdur. Menä eşitmändim barlygyny. Şoñ üçin bu pikrimi siz bilen paýlaşýan.
Meñ muny bejermäge bilimim ýetenok . Daşary ýurt dillerini hem bilemok
şereketlere teklip edeýin diýsem . Bu pikrim belki eýesini tapar diýip umyt edýän.
6
© D Ü N Ý Ä D Ä K I I Ñ I N Ç E S M A R T F O N @ Ý A Z M Y R A D O W
© A N D R O I D T E L E F O N L A R Y N S E N S O R Y N Y G U L P L A M A K !
@ E L Y E T M E Z O G L A N J Y K
Bir çaga telefonyňyzda multi film seretýän wagtynda
ýalňyşlyk bilen telefonyň sazlamalaryna ýa-da çaganyň ýaşy
ýetmedik maglumatlara girip biler. Bu ýagdaýlar kiçi çagaly
maşgalalarda köp duş gelýän bolsa gerek. Bu ýagdaýyň
öňüni almak mümkindir. Touch Lock atly mugt görnüşünde
hödürlenen programanyň kömegi bilen öňüni alyp bilersiňiz.
Programany aktiw eden mahalyňyz telefonyňyzyň
sensoryny gulplar. Ýagny Ekrana näçe basyň hiç hili täsir
etmez.
Programany aktiw ýada öçürmek gaty aňsat. Ilki açjak
wagtyňyz ekranyňyzyň ýokarsynda duran şekiljige basyp
aktiw edersiňiz. Aktiw edeniňizden soňra ekranyň sensory gulplanar, gulpy aýyrmak
Häzirki wagta çenli
Dünýäñ iñ inçe smartfony -
"Coolpad Ivvi K1 Mini"
smartfonydyr.
Inçeligi 4,7 mm
Aşakda smartfonuñ tehniki
maglumatlary:
Ekrany: 4,7 dýuým, 960×540
piksel
Agramy: 110 gr
Sim Karta sany: 1
Prosessor: Qualcomm
Snapdragon 410
Ýady: 8 Gb
Operatiw ýady: 1 Gb
Akkumlýator: 1800 mА/sagat
Kamera: 8 MP
4G ulgam: Bar
Bahasy: ~ 200$-300$
7
üçin bolsa sag tarapda duran şekiljige iki gezek yzly yzyna basan wagtyňyz programa
öçüriler.
© S A M S U N G G A L A X Y S 8 H Ä L I B A Z A R A Ç Y K M A Z D A N A Z
S A T Y L J A G Y T A K M Y N E D I L Ý Ä R . . . @ K . E . M . A . L
,,KGI Securities'' barlagçysy Min Çi Kuo Samsung Galaxy S8-iñ söwdasynyñ
peselmegine garaşylýandygyny mälim etdi.Muña sebäb edip iPHONE tarapyndan
işläp çykarylýan täze modeli görkezipdirler.
Şonuñ ýaly Samsung Galaxy S8 özünden öñde
çykarylan S7-iñ dünýä rekordyny täzeläp
bilmejegini hünärmen belläp geçýär.Çünki täze
gadžetiñ özüne çekýän häsiýeti onçalyk köp
däl.Şonuñ üçin hem OLED ekrany ýerleşdrilen
iPhonyñ modeliniñ köpräk satylmagyna
garaşylýar.
Samsung Galaxy S8 iñ satylyş we görkezilişi mart aýynyñ 29 Nýu Ýork şäherinde
bolup geçýär.
© A D A M L A R Y N A N M A D Y K ( I L K I B A Ş D A ) 7 B E Ý I K A Ç Y Ş @ B A Y . M E N
Bu günki günde käbir tehnologiýa we tehnikalarsyz durmuşymyzy göz öňüne
getirmek diýseň kyn. Meselem, telewizor, telefon, awtomobil we başga şeýle
enjamlary aýtmak mümkin. Ýöne bu innowasiýalary ilkibaşda adamlar ters kabul
edeni, olara ynam bildirmedigi hakynda köpçülik bilmese gerek. Bu
temada bütindünýä meşhur we mälim bolan 7 sany şeýle açyşlar hakda aýdyp
geçmekçi.
KINO.
"Kino- wagtlaýyn
hadysa. Tomaşaçylar sahnadaky
diri aktýorlary görmegi isleýär",
- diýen eken, birwagtlar Çarli
Çaplin.
Adamzat taryhyndaky birinji film
hasaplanýan doganlar Lýumýerleriň
"Otlynyň La Sýota wokzalyna
gaýtmasy" kartinasy ilkinji gezek
görkezilende
8
(premýera), tomaşaçylar şeýle bir gorkupdyrlar, netijede kinozalda uly gopgun
göterilipdir. Köpçülik hereketlenýän otlynyň "janly" teswirini kabul etmäge taýýar
bolmandyr. Emma, häzir kino we telewideniýe durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi
bolanlygyny hiç kim inkär edip bilmeýär.
TELEFON.
"Hemmä mälim, sesi simler arkaly ugradyp
bolmaýar. Eger munuň mümkinçiligi bolan ýagdaýda
hem, bu zat bize hiç hili peýda getirmeýär"- diýip, The
Boston Post gazetiniň 1865-nji ýylda çykarylan sanynda
ýazylan. Makala telefony döreden adamyň tussag
edilmegi bilen baglydy.
Telefon ulgamynyň ösüşine Antonio Meuççi we
Aleksandr Bell uly goşant goşupdyrlar . Belliň telefon
apparaty 1875-nji ýylda köpçülige tanyşdyrylýar. Bu açyş
şo wagtda uly gyzyklanma bilen rowaçlanan bolsada, käbir uly ýaşly adamlar tok
urmagyndan gorkup, bu "demirden" uzakrak gezmäge hereket edipdirler. Şeýle-de,
adamlar telefon simleri arkaly arwahlar" gezýänligine" gaty ynanypdyrlar.
TELEWIDENIÝE.
"Telewideniýe tiz wagtda ähmiýetini ýitirer, çünki her agşam agaç guta seredip
oturmak adamlaryň janyna deger", - diýip aýdan eken, belli kino režissýor, 20th
Century Fox kompaniýasynyň ýolbaşçysy Derril F. Zanuk.
1907-nji ýylda rus alymy Boris Rozing tarapyndan aralykdan durup elektr arkaly
teswirleri uzatmak tehnologiýasy patentlenýär. 1923-nji ýylda bolsa amerikaly alym
Çarlz Jenkins ilkinjilerden bolup hereketli siluet teswirini uzatmagy başarýar. Aradan
birnäçe ýyl geçip, Wladimir Zworikin diýen oýlap tapyjy ilkinji telewizion enjam-
ikonoskopy döredýär. Telewideniýe şo wagtda köpçülikde uly gyzyklanma oýadan
bolsada, köpçülik onuň geljegine şübhe bn seredýärdi.
RAKETA.
Raketa ugrunyň esasçylaryndan biri Robert Goddarda degişli raketa bilen Aýy zabt
etmek pikiri The New York Times gazetasynyň redaktory tarapyndan düýpli garalanýar.
Robert Goddard 1909-njy ýylda köp basgançakly raketa döretmek pikrini öňe
9
sürýär. Bu arkaly raketany ýenede uzak aralyklara uçurmak teklip edilýär. Aradan biraz
wagt geçip Goddard bu meýilnamany amala aşyrýar.
1919-njy ýylda oýlap tapyjy Aýa uçmak pikrini köpçülik bilen paýlaşýar. Ol bu barada
birnäçe ylmy işler ýazan bolsada, köpçülik onuň amala aşyrylmagyna şübhe edýär.
Mysal üçin, The New York Times gazetiniň redaktory munuň üçin Goddardyň üstünden
gülüp, onuň bilimlerini diýseň "boş" diýip aýdýar.
Suwuk ýangyçly ilkinji raketa 1926-njy ýylda ABŞ-nyň Massaçusets ştatynda
asmana uçurylýar. 1969-njy ýylda bolsa adamzat Aýa gadam goýýar. Bu wakadan soň
The New York Times 1920-nji ýylda ýazylan ýokardaky makala üçin ökünç bildirýär.
UÇAR.
"Howadan agyr uçýan
maşynlary döretmegiň alajy ýok!
", - diýip, 1985-nji ýylda meşhur
fizik Lord Kelwin aýdypdyr.
Dogry, doganlar Raýtlar Kelwiniň
bu nazaryýetine amal edenlerinde,
häzir hiç kim samolýotlarda
uçmazdy. Orwil Raýt 1903-nji
ýylda dolandyrylýan uçarda ilkinji
uçuşy amala aşyrýar. Ýogsa-da
onuň dogany tarapyndan döredilen
uçar howada 12 sekunt uçan
bolsada, bu waka awiasiýa
ugrunda uly öwrülişik
bolýar. 1901-nji ýylda aerodinamik enjam döredilýär, şu bilen bilelikde olar propelleri
hem oýlap tapýarlar. 1905-nji ýylda döredilen täze modifikasiýa bolsa howada
takmynan 30 minut perwaz etmegi başarýar.
ÖÝJÜKLI TELEFON.
"Men ömrüm dowamynda diýseň köp skeptiklere duş geldim. Olaryň käbiri näme
üçin meniň şunça serişdäni bu açyşa sarplanym bilen gyzyklanýardy we mundan
nämelerdir çykjagyna şübhe bilen seredýärdi", - diýip, öýjükli telefon oýlap tapyjysy
Martin Kuper ýatlaýar.
Ýokardaky sözlerde azajyk jan bar ýaly duýulýar. Ilkinji öýjükli telefony hödürlän
10
Motorola kompaniýasy bu apparaty işläp çykmaklyk üçin 10 ýyl wagt we 100 mln dollar
serişde sarplapdyr.
1947 - nji ýylda Bell Laboratories işgärleri (AT&T barlag
laboratoriýasy) mobil ulgam üçin "öýjük" shemasyndan
peýdalanmagy teklip edýär. 1973-nji ýylda bolsa Motorola hakyky
öýjükli telefonyň ilkinji prototipini taýýarlaýar. Bu enjam takmynan
bir kg agyrlykda , ýarym metr uzynlykda bolupdyr. 1983-nji ýylda
birinji öýjükli telefonlar satuwa çykarylýar. Martin Kuper
tarapyndan döredilen DynaTAC 8000X modeli swetodiodly displeý
bilen üpjün edilen bolup, gürleşik rejiminde 1 sagada golaý işläp
bilipdir. Oňa köpi bilen 30 sany kontakt saklap bolýar eken. Enjam
diýseň gymmat bahada (4000$) satylan bolsada, satuwlaryň ilkinji
gününde ony satyn almak üçin adamlar nobata durupdyrlar.
Martin Kuper öz kärdeşi Joel Entele jaň eden, ýagny, 1983-nji ýylyň 3-nji aprel güni
mobil telefon döredilen gün hasaplanýar.
PERSONAL KOMPÝUTER
“ Hiç kimde öz öýünde kompýuterden peýdalanmak zerurlygy duýulmaz", - diýip,
Digital Equipment Corp.esasçysy Ken Olson 1977-nji ýylda aýdypdyr. Kompýuter
senagatynyň esasçylaryndan biri Ken Olson 1957-nji ýylda kärdeşi bilen bilelikde Digital
Equipment Corp kompaniýasyny döredýär. Ilkinji kompýuterlerini programmable data
processor ady bilen ýöredipdirler. Muňa şo wagtda kompýuterler diýseň äpet, gymmat
we dowamly Serwisi talap edýär diýen stereotip sebäp bolupdyr.
© G O O G L E D I Ň E G Ö Z L E G Ç I S A Ý T M Y ? ! @ R O V S H E N S O F T
Google kompaniýasy we onuň hyzmatlary diňe munuň bilen çäklenmeýär. Bu kompaniýa häzirki zaman internet durmuşyna şeýle güýçli täsir etdi. Indi Google-syz interneti göz öňüne getirmek kyn. Google gözleg sahypasy 1997 ýylyň 15-nji sentýabrynda işe başlady (Sergeý Brin we Larri Peýj tarapyndan). Häzirki wagtda Google Inc. kompaniýasy birnäçe beýleki hyzmatlary hem hödürleýär. Olaryň sanawy aşakda:
Google web-gözleg. Internetde maglumat gözlegi. Googlyň esasy önümi. Saýt: www.google.com
Gmail. Elektron poçta. Saýt: mail.google.com Google Drive. Ulanyjynyň faýllaryny saklamak hyzmaty. Saýt: drive.google.com Google Photos. Suratlary redaktirlemek, saklamak, we ýaýratmak. Suratlar
GoogleDrive diskde saklanýar. Saýt: photos.google.com Google Docs. Dokumentleri online redaktirlemek hyzmaty. Saýt: docs.google.com
11
Google Maps. Ýer ýüzüniň islendik ýerini kartada görmek we ugur tapmak. Saýt: maps.google.com
GoogleMoon. Aýyň kartasy. Saýt: www.google.com/moon Google Mars. Marsyň kartasy. Saýt: www.google.com/mars Google Earth. Suratly geoinformasiýa ulgamy. Saýt: www.google.com/intl/ru/earth Google Alerts. Ulanyjyny gyzyklandyrýan tema degişli informasiýanyň internetde
döremegini yzarlaýar. Saýt: www.google.com/alerts Google Calendar. Kalendarda seneleri we duşuşyklary bellemek üçin onlaýn serwis.
Saýt: calendar.google.com Google Hangouts. Ýokary tizlikde hat, wideo, audio arkaly habarlaşmak. Saýt:
hangouts.google.com Google+. Sosial tor. Saýt: plus.google.com Google Answers. Ýüze çykýan soraglara jogap almak üçin serwis. Saýt:
answers.google.com Google Books. Kitap tekjelerinden kitap gözlegi. Saýt: books.google.ru Blogger. Bloglary dolandyrmak üçin hyzmat. Saýt: www.blogger.com YouTube. Meşhur wideohost. Saýt: www.youtube.com Google Play. Google-yň oýun dükany. Saýt: play.google.com Google Translate. Dokumentleri, sözleri, sözlemleri, web-saýtlary bir dilden beýleki
dile terjime etmek. Saýt: translate.google.com Google News. Täzelikler portaly. Saýt: news.google.com Google Keep. Ulanyjynyň belliklerini (zametka) saklaýan serwis. Saýt:
keep.google.com Google Groups. Internetde toparlary döretmek. Saýt: groups.google.com Google Sites. Saýtlary döretmek, internetde ýerlemek we ş.m. hyzmatlar. Saýt:
sites.google.com Google Cloud Print. Printeri internete çatyp köpçülikleýin ulanmak üçin hyzmat. Saýt:
www.google.com/cloudprint Google Finance. Birža maglumatlary. Saýt: www.google.com/finance Google Trends. Gözleg talaplarynyň statistikasy. Saýt: www.google.ru/trends Google Correlate. Ýazylan gözleg sözi bilen bilelikde başga ýene köplenç haýsy
sözleri gözleg edýändikleerini görkezýän hyzmat. Saýt: www.google.com/trends/correlate
Google Analytics. Web-saýtyň trafik statistikasyny görkezýär. Saýt: www.google.com/analytics
Google Ngram Viewer. Berlen sözüň bellibir ýurduň edebiýatynda ulanylyş statistikasyny görkezýär. Saýt: books.google.com/ngrams
Google AdSense. Köp girilýän saýtlar üçin reklama döretmek hyzmaty. Saýt: www.google.com/adsense
Google AdWords. Açar söz bilen işleýän reklama hyzmaty. Saýt: www.google.ru/adwords
Google App Engine. Google serwerlerinde web-priloženiýalary döretmek we ýerlemek hyzmaty. Saýt: appengine.google.com
Google Cultural Institute. Dünýä boýunça sungat arhiwlerini ýygnamak. Saýt: www.google.com/culturalinstitute
Art Project. Internetde sungat kolleksiýalary. Saýt: www.google.com/culturalinstitute/project/art-project
Google Images. Surat gözlegi. Saýt: images.google.ru Google Video. Wideo gözlegi. Saýt: www.google.ru/videohp
12
Google Frogle. Internet magazinlerden haryt gözlemek. Saýt: www.google.com/shopping
Entek bu snawam doly däl. Häzirem birnäçe serwisleriň üstünde iş alnyp barylýar. Google kompaniýanyň programma önümleri:
Android operasion sistemasy. Google Dictionary-brauzerler üçin sözlük. Google Chrome-meşhur brauzer. Google TV-Android bilen işleýän ulgam telewizorlar üçin. Google Fiber-internete tiz çatylmany gurnaýan ulgam. Building Maker-3d modelirleme üçin programma. Google Webmasters- Web-masterler üçin gurallar.
Bu sanawam doly däl. Google-yň ähli önümlerini bir mowzukda agzamak mümkin däl. Ýöne birnäçesini size ýetirdim.Google kompaniýanyň dörän wagty-1998 sentýabr 4. Ýerleşýän ýeri: ABŞ, Kaliforniýa. Işgärleriniň sany: 53600 (2014 ý. boýunça).Arassa girdejisi: 14,444 mlrd. dollar.
1999 ýyla çenli logotip: 2010 ýyla çenli logotip:
2013 ýyla çenli logotip: Häzirki wagtdaky logotip:
*Bellik: Käbir dünýä belli senelerde Google gözleg sahypasyndaky logotipini senä
görä üýtgedýär.
© T R A F I K G Ö Z E G Ç I @ O R A Z I K
Mümkinçilikleri:
-Gelýän,gidýän,trafigi ölçemek;
-Internet tizligini ölçemek;
-Trafik görkezijini ekranyň ähli ýerine ýerleşdirmek;
-Göwrümi bary ýogy 50 kb(bir temalyk trafik)
Ýüklemek üçin: https://yadi.sk/d/QMFaTwTY3FmkaP
13
© “ A P P L E ” T Ä Z E E L E K T R O N I K D Ü Ý R L E N E N K A G Y Z A @ S E T D A R
“Apple” täze elektronik düýrlenen kagyza (электронный свиток) patent aldy!
Bu täze enjam gadymy golýazma kagyzlaryna meňzeş bolup OLED ekrany bilen
üpjün edilen!
© S A M S U N G G A L A X Y S 8 - I Ň S A T U W Y G I J Ä G A L A R ! @ S E T D A R
Samsung Galaxy S8- iň satuwy gijä galar!
“Samsung” firmasynyň Galaxy S8 we S8+ “akylly”
telefonlary 10-nanometrlik bir prosessora eýe boljakdygyny
aýtdylar.Ýöne bu firma yzygider problema çykarýar. Haber
bermeklerine görä “Samsung” bu problemalary üçin Galaxy S8-iň satuwlaryny 1 hepde
yza süýşürerler.Ýagny onuň anonsy 28-nji Aprelde bolar.
© I N T E R N E T D E P U L G A Z A N M A K L Y K ( U L A N Y L Y P G O R L E N U S U L )
@ M A X _ F A N _ B A D _ M A N
Ilki bilena sizin ahlinizi bahar bayramynyz bilen mahirli gutlayaryn .Siz meninbu
mowzugymyokayan bolsanyz onda siz hakykatdanam internetde pul gazanmak bilen
gyzyklanmanyzyn bardygy.Sizde eger, realusulda pul gazanmak we oz harajatlarynyza
sarp etmeklik arzuwynzynwe edil millarder bolmasanyz hem sowarlyk pulynyzy ozunizin
tapmagynyzy isleyanbolsanyz,onda menin hudurlejek, ozumin internetde gazanmak
strategiyamy size hudurleyarin (hic-hili pulya deregine zat tamakinsiz).Bilyansiniz sonky
14
wagtlar internetde sonky wagtlar pul gazanmak mumkinciliklisaytlaryn
birnacesi doredi.Yone olaryn ahlisine hem bil baglap
bolmayar,yagny kop saytlar LOHOTRON Bolyar( koppul
teklip edip hic zatbermeyan, yada az pul gazanmak
mumkinclikli, gazanyp alan pullarynyzy hasabynyza
gecirmeyan).Menin size hudurlejek ozumin hem pul
gazanyan shu sayt size (dogry peydalanmagy
basharsanyz elbetde) maliya taydan upjunciliginizi
yola goymaga yardam berip biler.Seosprint- bu
internetde gowy pul gazanylyan saytlaryn bri.Onda
siz birnace yenil, kop wagtynzy almayan yumushlary yerine
yeriryaniz.(her yumushyn kynyrak yagny kop wagtynyzy alyan ya
almayanlygyna gora olaryn size toleyan pulynynmukdary hem durli-durlidir.)
Siz eger gyzyklanyan bolsanyz sizde sheyle soraglar yuze cykmagy
mumkin,yagny Bu saytda pul gazanmaklyk ucin nameler etmeli we nameler
gerek?!
> Ilki bilen-a , umuman internet usti bilen pul gazanmak niyetiniz bolsa,
sizde Visa kartynyz, ya bolmasa Wapmoney, Kiwi,Payeer we sm elektron
gapjyklarynyzyn bolmagy hokmany shert.yagny size pulunyzygecirip almak ucin .( Eger
Visa kartynyz yok bolsa , elektron gapjyk, in ansady hem PAYEER-DEN GAPJYK
DOREDIN. men hem shondan hasap acdym).Egerde sizde gapjyk doretmek, visa kart
almak mumkinciiginiz yok bolsa ,size gowy yenillik doredip bileris yagny size gowuja
mumkincilik doretmek niyetde yagny, sizin gazananpullarynyzy men telefonhasabynyza
gecirerin.(Sozum soz yone siz menin referalym (topar agzamdan bolmaly, topar agzam
bolmadyk halynda gazanan pullarynyzy men size pulunyzy telefon hasapdan iberip
bilmerin).
>Siz shu ssylkadan Seosprintde registrasiya
etmeli, registrssiy ucin mail.rudan elektron
pocdanyzyn bolmsgy zerur.edil adaty
saytlarynky yaly , shu ssylkadan registrasiya
edip bilersiniz. :nicTemp();Eger registrasiya etmekde
mesele we sorag yuze cyksa shahsa yazyp
ugradyn.rEGISTRASIYADAN SON
KABINETINIZE GIRIP, ZARABOTOK B
boluminde pul gazanmagyn durli gornshinden
durli pul mocberine layyklykda ozunize gowne
yaran yumushlary yerine yetirip bilersiniz.Bu saytyn bir
gowy ayratynlykly taray pulunyzy hasabynyza
gecmesi dessinedir.Buzatlary name sebapden yazdyka diymeginiz ahtimal eger
dushunmezden. Men buzatlary ozum barlap gorenimden son real
gazanypbolyandygnaesaslanyp we ozuni gynap,gynanyp ishlemek islemeyan kishilerin
we internetden peydalanmak mumkinciliginin bizin yurdumyzda elyeterliigini nazarda
tutup yazdym.YENE-DE bir zat bu hic hili gadagan saytlardandalbizin
yurdumyzda.Munda oz halal zahmetin puluny alyan hasabyna.Umuman wagtm azlygy
15
sbali kop geplap durjak dal.Mowzuklarymyz okanynyz ucin kop sag bolun.Peydaly
usulda gowulyga ishletmegibizi arzuw etmekli bilen hazirlikce sagbolun!!!
Ps:Yatdan cykan bizin yurdumzda wifi ulanyjylaryn sany kop yone, Mgbayt paketler
bilen intrnetde giryanlere ,sonundan name ucin pul gazanmaklyk ucin pul cykdayjym
kopelip baryar diyip, mana zeyrenc gatyjyny yazmazlygynyz ucin onunden duduryan
YaWifi dan ya-da 500 Mg internet paketlerden peydalanyn, alan peydanyz bilen
cykaran cykdyjynyz den bolup durmasyn.Sony goz onunde tutun.
Registrasiya ucinshu ssylka basyn:javascript:nicTemp();
© C O C A C O L A B I L E N I Ş L E Y A N T E L E F O N . @ N A Z A R H A N O W
Daizi Zheng Nokia üçin Koka
Kolada işleýän mobil telefonyny
taýýarlady! Geň eşdilse-de ol
hakykatdan hem işleýär. Zarýat
energiýasy uglewodlardan güýç
alýar, bir söz bilen aýdanyňda,
Koka Kolanyň düzümindäki
şekerden. Bu telefony döredeniň
aýtmagyna görä, tebigi gurşawy
goramak üçin adaty batareýa
derek, biologiki taýdan arassa
batareý ulanyldy. Bio batareý energiýany fermegenleri katalizator hökmünde ulanyp
uglewodlar arkaly toplaýar. Telefony zarýatdan doldurmak üçin ulanyja, bary ýogy süýji
suw ýeterlik bolar. Bio batareý adaty Litiý-ion batareýlerden 3-4 esse zarýady köp
saklaýar, şeýle hem ekologiki taýdan arassa.
© F L A S H S D H A R D D I S K L E R @ C L A S H E R T M
Eger-de ulanyp ýören hard diskiňiz ýa-da flash we sd (çip) format soran ýagdaýynda
ýada başga bir sebäpli işleman ýagdaýynda. Ilki kompýuterden check disk ediň.
Check disk näme?
kompýuterde cmd konsolynyň üsti bilen
işleýän buýrukdyr. Ýagny siz bozuk hard
diskiňizi ýada başga Pametli
enjamlaryňyzy barlamak we düzetmek
üçin ulanyp bilersiňiz. Check disk diňe
käbir näsazlyklaryň öňüni alyp biler.
Meselem Hard diskiňizi işläp durka birden
tokdan aýyrdyňyz. Soňra dakanyňyzda
16
format soran ýagdaýynda ýa-da işlemän ýagdaýynda Check diskiň üsti bilen düzetme
mümkinçiligiňiz bar.
Nädip barlamaly?
Ilki bilen kompuýuteriňize hard diskiňizi (çip, Fleshka) usb arkaly
birikdiriň. Soňra kompýuterden cmd konsolyny Administrator
rugsady bilen açyň.
Acanyňyzdan soňra chkdsk ýazyň yzyndan bir boşluk
goýup barlamak isleýän diskiňiziň harpyny ýazyň, soň
dikleýin iki nokat ýazyň yzyndanam /f şuny ýazyp (Şu
şekilde: chkdsk E: /f E harpyň ýerine barlamak isleýän
diskiňiziň harpyny ýazyň) enter düwmesine basyp
işlediň we dolýança garaşyň dolandan soňra hard
diskiňiz üstünlikli işläp başlar.
© M A R K Z U K E R B E R G B A R A D A @ G U R B A N 9 3
Mark Zukerberg
Mark Zukerberg (iňl. Mark Elliot Zuckerberg)
Amerikan programmisti we “Facebook” jemgyýetçilik
torunyň döredijisidir. Ol 2004-nji ýylda Garward
Uniwersitetindäki kursdaşlary Dastin Moşkowiç (Dustin
Moskowitz), Eduardo Sawerin (Eduardo Sawerin) we
Kris Hýugs (Kris Hughes) bilen bilelikde häzirki wagtda
950 milýondan gowrak ulanyjysy bolan “Facebook”
jemgyýetçilik toruny döredip, dünýäniň iň ýaş baý
adamy hökmünde tanalýar. 2011-nji ýylda onuň hususy
eýeçiliginde $17.5 mlrd baýlygy bar diýip hasaba
alyndy. Ol dünýäniň in ýaş milýarderidir. Şeýle hem,
Mark Zukerberg 2010-njy ýylda “Times” žurnalynyň
pikiri boýunça “Ýylyň adamy” diýip saýlandy. 2010-njy
ýylda Zukerbergiň “Facebook” saýtyny döredişi hakda “Jemgyýetçilik tory” (“The Social
Network”) atly çeper film düşürildi.
Hususy durmuşy
Ol 1984-nji ýylyň maý aýynyň 14-ne ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde eneden bolýar.
Kakasy – diş lukmany, ejesi – psiholog. Onuň üç sany uýasy bar. Olar Nýu Ýork
şäherinde birlikde önüp-ösýärler. 2003-nji ýylda, haçanda ol uniwersitetiň ikinji ýylynda
okap ýörkä, hytaý asylly amerikan gyz – Priska Han bilen tanyşyp, onuň bilen birlikde
ýaşamaga başlaýar. 2010-njy ýyldan bäri, Zukerberg öz söygülisi bolan Priskila Han
17
bilen Kaliforniýada (Palo Alto) ýaşaýarlar. Ol ýewreý hökmünde ýetişdirilmegine
garamazdan, 13 ýaşyndan bäri özüni ateist diýip yglan edýär. Zukerberg iňlis dilinden
başga-da fransuz, iwrit, latyn we gadymy grek dillerinde ýazmany we okamany
başarýar.
Çagalyk döwri
Zukerberg kiçilikden bäri kompýuter ulanmagy we onda birnäçe programmalardan
baş alyp çykýagy başarýar. 1990-ny ýyllarda, ýagny 6-7 ýaşyndaka kakasy oňa
kompýuterde Atari Basic programmasyny öwretdi. Soňra kakasy kompýuter programisti
bolan Deýwid Nýumany hususy mugallymy hökmunde hakyna tutdy. Mekdep okuwçysy
wagty, ol eýýäm kompýuterde taze programalary we oýunlary döretmäge başlady.
Orta mekdepde fizika, matematika we
astronomiýa dersleri boýunça birnäçe baýraklara
mynasyp bolan Zukerberg, mekdebini
tamamlanyndan soňra ABŞ-niň iň abraýly ýokary
okuw mekdebi bolan Garward Uniwersitetininiň
“Informatika” bölümine girmegi başardy. Eýýäm
uniwersitetiň birinji ýylynda okuwyň iň owadan we
ökde talyplaryny saýlaýan “www.facemash.com”
saýtyny döretdi. Saýtda Zukerberg Garwardyň ähli
talyplarynyň suratlary ýerleşdiripdir. Bu suratlary
bolsa ýaş programmist uniwersitetiň serweriniň
ýörite kody döwüp, birugsat alýar. Şol sebäpli hem
uniwersitetden kowulýar. Okuwy taşlanyndan soňra bütin Garward uniwersitetini
internediň üsti bilen duşuşdyrmak maksady bilen 2004-nji ýylda öz ikinji saýty bolan
“Facebook” saýtyny döretdi. 18 aýyň icinde, Facebook ABŞ-niň iň uly jemgyýetçilik
saýtlarynyň birine öwrüldi. “Facebook” – bu dostlaryň bilen aragatnaşyk saklamak
maksady bilen döredilen saýtdyr.
© T E L E F O N A L A N Y Ň Y Z D A E K R A N Y G O W Y Ý A D A E R B E T D I G I N I
N A D I P B I L I P B O L A R ? @ L E I L A
Bir telefon alanyňyzda ekrany gowy ýada erbetdigini nadip bilip bolar? Bu
makalamyzda size bu tema degişli tilsimler bereýin.Tehnologiýanyň iň täsirli we çalt
ösýän bazary telefonlar. Telefonlar prosessorlaryndan dizaynyna çenli her häsiýeti
müşderiler üçin möhüm. Elbetde agzalýan zatlar, planşet, noutbuk ýaly enjamlar üçin
hem gerekli. Hasam PES oýnaýanlar ýada meniň ýaly Call of Duty oýnaýanlar üçin
ekran ýady, prosessor we ram göwrümleriniň ululygy gerekli.Ýöne bulardan başga bir
mçhüm mesele bar. Belki kän üns edemizok, ýöne meniň pikirimçe ilki bilen ekran
ýagdaýyny bilmek gerek.Bir sensor ekranly telefon aldyň we ekrany 1 ýyl içinde
zaýalandy diýeli. Islese 2 ýadrly prosessory bolsun, 1. Abraý gitdi J 2.Täze ekran üçin
18
üçin çykdaýjy.Iň gowusy abraýam gitmesin pulam gitmesin. Aşakda ýazylan 6 sany
ekran hasiýetlerini öwreniň we sensor ekranly enjam alanyňyzda
Pes rezolusiýa: 7’’-lik planşetlerde täze standart, Nexus 7
saýasynda 1280×800’e galdy. 10’’-lik planşetlerde bolsa iPadyň
Retina ekrany (2048×1536) ýokary hilli standart getirdi. Android
planşetlerde Asus Transformer Pad Infinity we Acer Iconia Tab
a700, HD rezolusiýa berýär. El telefonlarynda bolsa iň az
960×450 rezolusiýasyny almagyňyzy maslahat berýän. Ýöne
elbetde 1280×720’lik ekran has “betje” bolar. 480×320 piksel
resolusiýa berýän telefonlardan uzagrak duruň, sebäbi beýle
telefonlarda ýazgy we suratlary dowamly ýakynlaşyp görmeli
bolarsyňyz.
Güne çykaňda görünmeýän ekran: Satyn aljak bolýan
enjamyňyzyň güniň aşagynda nähili görünýandigine hem seretmegi maslahat berýän.
Meselem Super AMOLED ekrany bilen öwünýän Galaxy S III günüň aşagynda gowy
hyzmat edip bilenok.
Dik görüş derejesi: Eger bir noutbukyň ekranyny görmek üçin
30 gradus egýän bolsaňyz, ol enjamdan uzak duruň. Planşet
we el telefonlarynda görüş derejesi möhüm däl diýip
pikirlenmäň, telefonyňyzy maşynyňyzda GPS edip ulanjak
bolsaňyz sizi kyn ýagdaýda goýup biler. Planşetlerde bolsa
ýanyňyzdaka birzat görkezjek wagtyňyz sizi masgara edip biler.
Ak reňkler Ak däl: AMOLED ekranlardan uzak durmagyňyzy
maslahat beremok, ýöne ekranyňyzyň ak reňkleri gögümtik bir
reňk ýaly görünmesi işdäňizi ýapyp biler. Muny barlamak üçin
web brouzeriňizden “about:blank” adresine girip barlap
bilersiňiz.
Parlaýan ekranlar: Satyn almak isleýän enjamyňyzyň ekranyna seredeniňizde,
ekrandakylarda beter arkaňyzdaky “owadan arassaja otagyňyzy” görýän bolsaňyz,
diýmek ekranyň hili pesdir.
Sensor ekranlarda görülýän “setka” ýaly çyzyklar: Ekranyňyzda şeýle çyzyklar görýän
bolsaňyz, şonça pul töläp alanyňyzdan soň keýpiňizi gaçyryp biler.
19
© D Ü N Ÿ Ä N I Ñ I Ñ A K Y L L Y P R O G R A M M I S T Y ! @ < / M >
Bil Geýts(iňlisçe: BILL GATES)
Bil Geýts “Microsoft şereketini“ esaslandyryjylaryň,
şeýle hem dünýäde iň baý we jomart haýyr - sahawat-
çylaryň biri bolup durýar. Bil Geýts dünýäde iň täsirli
şahsyýetleriň biridir. Ol kompýuter senagatynyň iň belli
brendleriniň biriniň esaslandyryjysydyr.
Stoluň üstünde goýulýan her bir kompýuteriň biri
“Microsoft”-yň programmasyny ulanýar diýen ýalydyr.
“Forbes“ žurnalynyň maglumatlaryna görä, Bil Geýts
1996 – 2007-nji ýyllar aralygynda dünýäde iň baý
adamlaryň biri bolup, uzak ýyllardan bäri birinji orny
eýeläp gelýär.
Geýts 1955-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda ABŞ-nyň
Waşington ştatynyň Sietle şäherinde dünýä inýär we şol
ýerde ulalýar. Onuň kakasy Uilýam Geýts II Sietlede ak-
lawjy bolupdyr, ejesi bolsa mekdep mugallymy we “Uni-
ted Way” atly haýyr – sahawat guramasynyň wekili bo-
lupdyr. Geýts we iki uýasy oňat terbiýe alypdyr we Geýtse ikinji ýöriteleşdirilen “Lakesi-
de School”-da okamaga mümkinçilik döräpdir.
Bil 13 ýaşyndaka özüniň ilkinji programmasyny – BASIC programmasynyň dilinde
“Atanak nolluk” atly oýnuny ýazypdyr. Bill Geýts 1973-nji ýylda Pol Allen bilen hyzmat-
daşlyk eden ýeri Garward uniwersitetinde okamaga başlapdyr. Geýts we Allen “MITS
Altair” (ilkinji mikrokompýuter) üçin esas bolan “BASIC” diliniň nusgasyny programma-
laşdyrmagyň üstünde işläpdirler. Ol “Microsoft Corporation” atly dünýäde kompýuterleri
programma bilen üpjün ediji iri şereketi ýola goýmaga girişmek üçin Garward uniwersi-
tetini taşlamaly bolýar.
© B E Y N I B I L E N K O M P Y U T E R B I R B I T I N @ X I 0 9 5
Tesla Motors'y hemem SpaceX'i doreden
amerikan milliarderi Ilon Mask (Elon Reeve Musk)
taze bir kompaniyany achmak netijesine geldi, ol
kompaniyanyn esasy maksady - geljegin
tehnologiyasyny doretmek. Has dogrusy kabir
zhurnallaryn aytmagyna gora adamlar geljekde oz
beynisini gonumel kompyuterlere "birikdirip" bilerler.
Ilonyn oz aytmagyna gora bu taze tehnologiya
kompyuterlerin usti ilki bilen adamlaryn beyni kesellerini bejermage has uly goshandyny
goshar.
Bu kompaniya hazirki wagtda birnache alymlary toplap bilipdir. Ol alymlar bolsa
elektrodlary doretmegin ustunde ishleyarler hem-de olaryn gushun beynisinde nahili
20
ozuni alyp baryshlaryny owrenyarler. Olaryn yene bir owrenyan zatlary - beyni nadip
tenini kontrol edip bilyar.
Has dushnukli edip aydanda: taze kompyuter tehnologiyalary bilen adamlaryn
kesellerini bejermek. Ine shul hem shol kompaniyanyn maksady bolup duryar. Aydyp
bilersiniz hazir hem kompyuter ulanylyar diyip, yone hazirki dowurde hich bir
tehnologiya beyni bilen gonumel (edil usb yaly) birikdirilip ozune gerek informasiyany
alyp bilmeyar.
© T Ä Z E T E H N O L O G I Ý A L A R W E S A G L Y K M E S E L E L E R I
@ L E Y L A S H A A A
Aragatnaşyklaryň we habarlaşmagyň täze tehnologik usullary adamlaryň has oňat okamagyna, işlemegine, täze maglumatlary almagyna, wagtlaryny gyzykly geçirmeklerine mümkinçilik berýär. Emma internetiň we öýjükli aragatnaşyk serişdeleriniň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsiriniň bardygyny bilmek zerurdyr. Şu döwürde internet bilen iş salyşmaýan ýa-da öýjükli telefon ulanmaýan adamlary barmak basyp sanaýmaly diýsek ýalňyşmarys. Hemişe diýen ýaly eýesiniň ýanyndaky telefonyň we internetiň täze psihiki keselleriniň döremegine sebäp bolýandygyny lukmanlar şu wagta çenli äşgär etmändiler. Aşakda iň ýaýran we indi inkär edilmeýän kynçylyklar baradaky maglumat beýan edilendir.
Hyýaly jaň eşitme duýgusy we telefonsyz galma gorkusy Telefonyna jaň gelmese-de, onuň sesi eşidilýän ýaly bolýar. Bedenimizde sähelçe bir sanjylama duýsak ýa-da töwerekde bir ses eşidilse, biz ony telefon jaňy bilen baglanyşdyrýarys. Bu özboluşly kesel stress netijesinde döräp, ol örän giňden ýaýran üýtgeme bolup durýandyr. Başga-da giňden ýaýran psihiki bozulmany nomofobiýa diýlip atlandyryp, bu düşünje nomobilefobiýa sözünden gysgaldylyp alnandyr. Başgaça aýdanymyzda, bu söz öýjükli telefonsyz galmakdan döreýän gorkyny aňladýandyr. Şeýle ýagdaýdan ejir çekmeýänler az-azdyr. Käbir adamlaryň telefonynyň akkumulýatory çöken bolsa, olar biraz howsala düşýärler. Emma käbirleri bolsa özüni hakyky betbagtçylyga uçran ýaly alyp barýarlar.
21
Kiberkesel
Bu bozulmanyň asyl häsýetnamasy, adamyň käbir elektron enjamlary bilen işleşende, baş aýlanma, ýürek bulanma, nirä ýöreýänini bilmezlik duýgusy ýaly alamatlaryň ýüze çykmagyndan ybaratdyr. Kiberkesel adalgasy eýýäm 1990-njy ýyllarda howaýy (wirtual) hakykatyň ilkinji enjamlary ulanylyp başlananda girizildi. iOS-iň täze görnüşi işlenilýänçä, iPhonyň eýeleri hem ýürek bulanma arz edýärdiler. Bu bozulma ýene-de "san deňiz keseli" ady bilen hem bellidir.
Facebook-gamlanmasy
Ýaşlar köplenç inernet arkaly jemgyýetçilik ulgamlarynda tanyşýarlar, bir-birleri bilen habarlaşýarlar. Näçe uzak aragatnaşyk sakladyklaryça, olaryň şonça-da keýpi bozulýar, olar köplenç gam-gussaly, aladaly bolýar. Munuň sebäbini şeýle düşündirmek bolar. Jemgyýetçilik ulgamlarynda habarlaşýan adamlar internetde özleriniň diňe gowy taraplaryny görkezmäge çalyşýarlar. Olar gözel ýerlerde düşen, hemme taraplaýyn owadan
suratlaryny goýý"arlar. Olara seredýän adamyň göwnüne hemmeler özünden bagtly, owadan, şadyýan ýaşaýan ýaly bolýar. Onuň dura-bara öz-özünden, ýaşaýyş durmuşyndan göwni geçip başlaýar.
Internet-garaşlylyk
Internete garaşly adam ondan asla çykasy gelmeýär. Internete girip bilmedik ýagdaýynda howsala düşýär. Wagtynyň köp bölegini internetde geçirýän adam durmuşyň beýleki taraplaryny ünsden düşürýar. Ol şahsy durmuşyna, işine ýer galdyrmaýar. Alymlar şeýle bozulmanyň neşekeşlige ýa-da psihiki bozulma degişli edilmeginiň dogrulygy barada ylmy çekeleşikleri alyp barýarlar.
22
Onlaýn-oýunlara garaşlylyk
Onlaýn-oýunlara garaşly bolmak has ýygy we weýran ediji kesel hasaplanylýar. Adam şeýle oýunlara gyzygyp, özüni oýnuň bir gahrymany ýaly duýýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan howaýy, oýun durmuşyna girişip, hakykatda işini, maşgalasyny ýitirýär, horlanýar, hatda öz janyna hem kast edýär.
Kiberhondriýa
Kiberhondriýadan ejir çekýän adam internetde keseller barada okap, olaryň köpüsiniň özünde bardygyna ynanýar. Netijede, sähelçe kellesi agyrýan bolsa-da, şeýle adam özüni agyr kesele üçran ýaly alyp barýar. Özüni ynandyryp, ol hakykatdan hem saglygyna zyýan ýetirýär, oýlap tapan keseline duçar bolýar.
"Google täsiri"
Şeýle keselli adam özüne hiç hili bilimiň gerek bolmajakdygyna şübhesiz ynanýar. Onuň pikiriçe, islendik maglumaty Google arkaly alyp bolýarka, haýsydyr bir zady ýatlamagyň geregi ýok. Google peýdalanýan adam başgaça pikir etse-de, onuň "Google täsirine" garşy durnuklylygy bolmaýar. Beýni bir zady ýatda saklamak üçin özüne agram salmaýar, maglumatlary bir ýerden taýýar görnüşde almaga öwrenişýär.
23
© Ö Ý J Ü K L I ( E L ) T E L E F O N L A R Y Ň U L A N Y L M A K @ L E Y L A S H A A A
ÖÝJÜKLI (EL) TELEFONLARYŇ ULANYLMAGY RAK KESELINIŇ DÖREMEGINIŇ
TÖWEKGELLIGINI ARTDYRMAÝAR
Öýjükli telefonlaryň howpsuzlygy wagtal-wagtal jedelleriň temasyna öwrülýär.
Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, öýjükli telefonlaryň we rak keseliniň
döremeginiň töwekgeliginiň arasynda gönüden-göni baglanyşyk ýokdur.
Öýjükli telefonlardan peýdalanýanlaryň
sanynyň artmagyna baglylykda, bu mesele
soňky 20 ýylyň içinde wagtal-wagtal
gozgalýardy.
Bu meselä degişli soňky barlaglar
Daniýanyň rak epidemiologiýasy Institutynda
geçirildi. Institutyň işgärleri 18 ýylyň
dowamynda hemişe öýjükli telefon ulanan
350 000 adamyň keseliniň taryhyny öwrendiler.
Barlag geçirijileriň ählisi bir netijä geldiler: telefon ulanýan adamlaryň beýniside rak
keseliniň döremek howpy beýleki adamlaryňkydan ýokary däldir.
Muňa garamazdan, Britaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi 16 ýaşa ýetmediklere
öýjükli aragatnaşykdan köp peýdalanmazlygy we telefon gürrüňleri mümkin boldugyça
azaltmagy maslahat berýär.
Ruhlandyryjy netijeler Daniýaly alymlar öňki barlaglarynyň netijelerine esaslanyp,
öýjükli telefonlaryndan uzak wagtyň dowamynda peýdalanylanylan ýagdaýlaryny
barladylar. Netije üýtgemändi: beýnide howply çişleriň döremegi bilen öýjükli
aragatnaşykdan peýdalanmagyň arasynda hiç hili baglanyşyk bellenilmedi.
Öýjükli telefondan peýdalanýan 358403 adamdan 356-synda beýniniň rak keseli, 846-
synda bolsa merkezi nerw ulgamynyň rak keseliniň beýleki görnüşleri döredi. Bu bolsa
ortaça hasabatyň görkezijilerine deňdir. Şeýle hem telefondan 13 ýyldan hem gowrak
wagt peýdalanan adamlarda kesellemek howpy artmaýardy.
Alymlar telefonyň has uzak wagt ulanylanda hem rak keseliniň döremeýändigini
anyklamak, şeýle-de öýjükli telefonlaryň çagalaryň saglygyna täsir edişine has köp üns
bermek isleýändiklerini aýdýarlar. Şwesiýanyň Karolina institutynyň professory Anders
Albom barlag usulyna ýokary baha berip, onuň netijesiniň ruhlandyrýandygyny belledi.
Kembrij uniwersitetiniň töwekgelliklere baha bermek boýunça maslahatçy, professor
Dawid Şpigelhalter öz gezeginde öýjükli telefonlaryň ulanylmagy baradaky
maglumatlaryň baryp 1995-nji ýyla degişlidigini we diňe irki we giçki ulanyjylary
deňeşdirmäge mümkinçilik berýändigini, ýöne şeýle bolsa-da, telefonlaryň çişleriň
döremegine täsir etmeýändigi baradaky açyşyň örän wajypdygyny belleýär.
Alymlaryň arasynda şonda-da öýjükli telefonyň saglyga belli derejede howpludygy
baradaky käbir barlaglara esaslanýan pikir bardyr. Şol sebäpli Bütindünýä saglygy
goraýyş guramasy öýjükli telefon bilen bagly meseläni kofe meselesi ýaly
meseleler bilen bir hatarda goýýar: "Howp gönüden-göni subut edilmedik, ýöne ony
doly aradan aýyryp hem bolmaýar".
24
© R A D A R N A M E ? O L N A H I L I I S H L E Y A R . @ A M A N M U H A M M M E T
“Radar” näme? Ol nähili işleýär?
"Radar" sözi elbetde hemmämize diyen yaly tanyš sözdir. Geliñ bu barada biraz maglumatlar bilen tanyš bolalyñ!
“Radar” görüş çägimiziň daşyndaky hereketleri ýa-da hereketsiz zatlary, radio tolkunlaryň kömegi bilen ýüze çykarmak we anyklamak üçin döredilen guraldyr. Harby ýa-da raýatlaryň maksady üçin ulanylýan “Radarlar”, häzirki wagtda iň wajyp oýlanyp tapylan guraldyr.
Aeroportlardaky howa hereketleriniň gözegçiliginde, uçarlaryň beýikligini we anyk ýerleşýän ýerini ýüze çykarmak, deňizde hem gämileriň hadysalaryň üstünden barma howpuny aradan aýyrmak, olaryň howpsyz hereketini üpjün etmekde iňňän wajypdyr orny eýeleýär. Howa çaklamalary hem “Radarlaryň” kömegi bilen anyklanylýar. Golaýlaýan tebigy hadysalaryň öňüni almak, ölüm ýitimiň we zatlaryň harap bolmazlygynyň öňüni alyş çäreleri geçirilýär.
“Radarlar” kiçi zatlary ýa-da dag ýaly uly zatlary ýeňillik bilen ýüze çykarýar. Planetalaryň we howanyň barlaglarynda, kosmos ýolagçylyklarynda hökmany gerek guraldyr. Kosmosa giden gurallaryň orbita ýerleşýän ýerine çenli barlagyny üpjün edýär. Harbyda hem bir näçe ýerlerde ulanylýar. Hüjüm edýän uçary anyklamak, gämi ýa-da golaýlaýan artilleriýa ýaraglaryny öňünden ýüze çykaryp, duýduryş berýär. Garaýollarda-da polisýa işgärleri ýokary tizlikde hereket edýän sürüjileri radaryň kömegi bilen anyklaýarlar.
Radar nähili işleýär?
Gowakda ýa-da jülgede uly ses bilen gygyrlanda, gaýalara degip yzyna gaýdýan seslerimizi eşidýäris, “Radar” hem şu ýörelge esasynda işleýär. Bir zada degen radio tolkunlary gaýtadan yzyna aýlanýar. Radaryň habar berijisi al-asmanda sekuntda 300.000 km tizlikdäki hereket edýän radio tolkunlaryny ugradýar. Bular mysal üçin: “bir uçara degeninden soňra yzyna gaýdar ýa-da radaryň çanagyna (antennasyna) bildirýär”. Antennalardan gelen tolkunlar maglumat alyja iberilýär, maglumat alyjy hem tolkunlary elektrik signalyna öwürip, uçaryň daşlygyny, tolkunlaryň näçe wagtdan yzyna dolanandygyny anyklaýar. Signal radaryň ekranynda aýgytly bir nokat bolup görünýär. Uly uçarlarda golaýdaky beýleki uçarlary anyklaýan radarlar bar. Şeýlelikde, golaýlaýan tebigy hadysalary, bulutlary ekranda görkezip uçarmanlary duýdurýar. Gämilerdäki radarlar bolsa, suwuň ýüzüne radio tolkunyny ugradýar, bu tolkunlar deňiziň düýbündäki zatlara ýa-da gämilere degip yzyna gelýär.
25
Häzirki wagtda bilim işgärleri, awtoulag sürüjilerine golaýda bolan hadysalary habar bermegi ýa-da görmek ukubyny ýiteren adamalara kömek etmek maksady bilen ýörite radarlar ýasamaklygyň üstünde işleýärler.
“Radio bilen anyklamak we gözegçilik etmek” manysyndaky “Radio Detection And Ranging”, ýagny, “Radar” iňlis sözüniň ilkinji baş harplaryny bir ýere jemläp, halkara derejesinde döredilen sözüdir.
© G O O G L E T R A N S L A T E - T Ü R K M E N D I L I N I G I R I Z E L I @ D A G
Birinji ädim
Google Terjimeçiniň jemgyýetine goşul
Ikinji ädim
Türkmen dilini goş
Üçünji ädim
Terjime etmäge başla (iňlis-türkmen)
P.S.
1. Her bir adam günde on söz girizip bilse, eýýäm
belli bir möçbere ýetenden soňra test görnüşinde
Google Translate giriziler.
2. Ýöne sözlemleri manysyna göra girizmäge salşyň.
3. Türkmen diliniň harplaryny dogry giriziň.
4. Türk dili bilen garyşdyrmazlyga salşyň.
© T Ü R K M E N T A L Y P L A R Y 1 - N J I O R N Y E Y E L E D I . . . @ N A Z A R H A N O
ULAG WE ARAGATNAŞYK INSTITUTYNYŇ talyplary Halkara Bäsleşigiň „Robot
Tehnikasy Babatda Iň Gowy Iş we Ösüş Üçin“ Diýen Baýragyny Eýelediler
21/05/2017
Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen robot tehnikasy boýunça ХI Halkara talyplar
bäsleşigine Makedoniýanyň, Panamanyň, Saud Arabystanynyň, Rumyniýanyň,
Tunisiň, Gresiýanyň, Kipriň, Azerbaýjanyň we beýleki döwletleriň–jemi 13 ýurduň
ýokary okuw mekdepleriniňdir kollejleriniň 400-e golaýyndan talyplaryň hem-de
26
mugallymlaryň 3200 –si gatnaşdy. Emin agzalary 12 ugurdan 2800-den gowrak işe
baha berdiler.
Türkiýäniň Bilim ministrliginiň gurnamagynda her ýyl geçirilýän bu bäsleşikde
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň topary ýurdumyza wekilçilik etdi.
Onuň hatarynda bu institutyň
Ýaş alymlar geňeşiniň
agzalary, aragatnaşyk we
demir ýol ulagy fakultetleriniň
talyplary Ymamberdi
Durdyýew bilen Şirmuhammet
Wepaýew, şeýle hem elektrik
aragatnaşygy kafedrasynyň
mugallymy Wepa Güýjow
bardy. Ugurlaryň dördüsi
boýunça bäsleşige gatnaşan
ildeşlerimiz daşary ýurtlylaryň arasynda baýrakly üçlügiň başyny çekdiler.
Talyplaryň mugallymlarynyň nygtaýşy ýaly, türkmen topary bäsleşige diňe bir awtorlyk
oýlap tapyşlaryny däl, eýsem TDUweAI-niň ÝAG-nyň robottehnikasy babatda işläp
taýýarlanlaryny teklip etdiler. Bäsleşigiň çäklerinde ÝAG-nda taýýarlanan robot-goluň,
robot-sumonyň, robot-labirintiň mümkinçilikleri görkezildi. Husussan-da, robot-gol
hünärmen iş edilmeli ýerden daşda bolup, wideokamera arkaly işiň gidişine gözegçilik
etmeli bolýan çylşyrymly önümçilik şertlerinde dürli sazlama işlerini geçirmäge
niýetlenendir. „Elektron golda“ şeýle hem hereketi çäkli adamlar üçin ýasama el
döretmek pikiri-de amal edilen.
TDUweAI-niň bäsleşige hödürlän ylmy işleriniň arasynda taslamalaryň hem birnäçesi
bar. Olaryň biri TDUweAI-niň ÝAG-ny bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýan
Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň tabşyrygy bilen taýýarlanan el yzlaryny tanaýan
ulgamdyr. Beýleki bir ylmy iş senagat kärhanalaryny uzak aralykdan dolandyrmakdyr.
Halkara eminler topary awtomatlaşdyrylan ýa-da „paýhasly“ yşyklar ulgamyna, şeýle
hem energiýanyň alternatiw görnüşlerini ulanmak babatda işlere-de baha berdi.
Türkmen netbugynyň taýýarlanmagy-da türkmen toparynyň üstünlik gazanmagyna
ýardam etdi, ýakyn wagtda Senagat ministrliginiň „Türkmenmaşyngurluşyk“ Döwlet
konserniniň „Aýdyň gijeler“ Hojalyk jemgyýeti ony köpçülikleýin öndürüp başlar.
Emin agzalary türkmen toparynyň innowasion täzeliklerine mynasyp baha berip,
olara bäsleşigiň „Iň gowy taslama işi we syndaky ösüşi“ atly ýörüte baýragyny
gowşurdy.
LINE ACCAUD: @mbt1067a